Türkmenistanyň Prezidenti Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmegi teklip etdi


Prezident Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmek hem-de geljekki işleriň maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemek boýunça çäreleri işjeňleşdirmegi teklip etdi.
Serdar Berdimuhamedowyň Duşenbe şäherinde geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde belleýşi ýaly, Türkmenistan geljekde hem Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy ýurtlaryň sebit hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine hem-de daşky gurşawy goramak we Merkezi Aziýa sebitinde durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn gurallarynyň döredilmegine gönükdirilen anyk başlangyçlaryny amala aşyrmak ugrunda çykyş eder.
Bellenişi ýaly, Aral meselesine gönüden-göni dahylly meseleleriň toplumynyň umumysebit ekologiýa gün tertibiniň möhüm bölegi hökmünde çözülmeginiň halkara hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmagyny, oňyn başlangyçlaryň mundan beýläk-de ilerledilmegini, BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň bu işlere işjeň çekilmegini talap edýär.
Şunda bu Gaznanyň halkara maliýe edaralary hem-de hemaýatkärleri bilen Aral deňziniň sebitinde häzirki emele gelen meseleleriň giň toplumyny çözmek bilen baglanyşykly taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygyny has okgunly ösdürmek üçin mümkinçilikleri döretmegimiz zerurdyr.
ORIENT news








