HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşýar

Sentýabr 15, 2023 | 13:52 |9169
Duşenbe şäherinde iş saparynda bolýan Prezident  Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşýar.Duşenbe şäherinde iş saparynda bolýan Prezident  Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşýar.
Çeşme: TDH

Duşenbe şäherinde iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşýar.

Ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşyjylar bilelikdäki geçirilen işleriň netijelerini jemlärler, mundan beýläk hem bäştaraplaýyn gatnaşyklaryň täze we anyk ugurlaryny, şeýle hem Araly halas etmegiň Halkara gaznasynynyň abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi ara alyp maslahatlaşarlar.

Gaznanyň ähli agzalary ýaly, Türkmenistan diňe bir giň gerimli milli taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen çäklenmän, Aral sebitinde durmuş-ykdysady hem-de ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly möhüm meseleleri çözmek boýunça sebit hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine işjeň ýardam berýär.

Türkmen tarapynyň öňe sürýän anyk başlangyçlary, şol sanda suw meseleleri boýunça köptaraplaýyn diplomatik geňeşmeleriň täze görnüşi hökmünde “suw diplomatiýasyny” ilerletmek babatynda beýan eden teklipleri Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm maksatlary we wezipeleri, ilkinji nobatda ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça wezipeleri bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Araly halas etmegiň Halkara gaznasy 1993-nji ýylda bu sebitde ekologiýa ýagdaýlaryny gowulandyrmak we bu boýunça taslamlara ýardam bermek maksady bilen döredildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026