HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen ykdysadyýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň haryt öndürijileriniň sergisinde görkezildi

Sentýabr 15, 2023 | 00:02 |7624
Türkmen ykdysadyýeti Duşanbede bolup geçýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň haryt öndürijileriniň sergisinde wekilçilik edýär. Şu gün sammitden soň sebitiň döwlet Baştutanlary sergä baryp gördiler.Türkmen ykdysadyýeti Duşanbede bolup geçýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň haryt öndürijileriniň sergisinde wekilçilik edýär. Şu gün sammitden soň sebitiň döwlet Baştutanlary sergä baryp gördiler.
Çeşme: 24.kz

Türkmen ykdysadyýeti Duşanbede bolup geçýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň haryt öndürijileriniň sergisinde wekilçilik edýär. Şu gün sammitden soň sebitiň döwlet Baştutanlary bu sergä baryp gördiler.

Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri milli pawilionlara aýlanyp, gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady üstünlikleri bilen tanyşdylar.

Türkmenistanyň pawiliony, telekeçiligi goşmak bilen ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň gazananlaryny, ýurduň innowasiýa we maýa goýum potensialyny şeýle-de senagatyň ösüşini görkezýär. Sergide ýangyç we energetika pudagy, nebithimiýa senagaty, dokma senagaty, aýna önümçiligi, gurluşyk materiallary, şeýle hem täze pudak bolan - elektronika pudagy we ş.m bar.

Türkmen böleginiň aýratyn mowzugy sebit derejesinde möhüm çeşmäni görkezýän ýurduň transport toplumy we üstaşyr logistika mümkinçilikleridir. Milli pawilion adaty türkmen halylarynyň açyk reňkleri bilen ünsi özüne çekdi.

530b7ab6-90b2-5cba-7434-38764982cb68_lists_slider_6660-1.jpg

Şu gün agşam Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň ýolbaşçylary “Dostluk agşamy” doganlyk konsertine hem gatnaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026