Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmegi teklip etdi


Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Duşanbede geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygynda, sebitiň ýurtlarynyň arasyndan söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň we özara haryt dolanşygynyň göwrüminiň artdyrylmagynyň möhüm meseledigini belledi.
– Bu babatda örän anyklyk we täsirli çäreler zerur bolup durýar diýip hasaplaýaryn. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmek meselesine garamagy teklip edýäris – diýip, «Türkmenistan bu gün» neşiri Prezidentimiziň sözlerine salgylanýar.
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, onuň işiniň many- mazmuny we maksady söwdany ösdürmekde bilelikdäki ädimleri utgaşdyrmakdan; Merkezi Aziýa bazarynyň geljekki ykdysady subýektleriniň ählisiniň täjirçilik bähbitlerini üpjün etmekden; iri sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlaryny çekmekden ybaratdyr.
ORIENT news








