Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy


Aşgabatda, 11-13-nji sentýabrda Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli Iş toparynyň altynjy mejlisi geçdi. Duşuşyga Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmensitanyň wekilleri gatnaşdylar.
«Taraplar Hazar deňzinde göni çykyş ýollaryny kesgitlemegiň usullary barada ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdiler we birnäçe düzgünnamalary ylalaşdylar. Bu resminamanyň ara alnyp maslahatlaşylmagy ÝDIT-nyň indiki mejlisinde dowam etdiriler», - diýlip mejlisiň beýanatynda aýdylýar.
Habarda aýdylşy ýaly, şeýle hem duşuşykda Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna taýýarlyk meseleleri gözden geçirildi.
Wekiliýetler geçirilen gepleşikleriň netijelerine oňyn baha berdiler we Türkmenistana duşuşygyň ýokary derejeli guramaçylygy üçin minnetdarlyk bildirdiler.
Ýokary derejeli iş toparynyň Hazar deňzi meseleleri boýunça indiki mejlisi Azerbaýjanda geçiriler.
ORIENT news








