HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň işewürler toparlary söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maksat edinýär

Sentýabr 12, 2023 | 22:14 |9130
Maýa goýum babatda Türkmenistanda döredilen mümkinçilikler barada aýdan "Söwda öýi" kärhanasynyň direktory katar tarapyny dürli ugurlarda, şol sanda energetika, azyk we dokma senagatynda bar bolan maýa goýum mümkinçiliklerini öwrenmäge çagyrdy.Maýa goýum babatda Türkmenistanda döredilen mümkinçilikler barada aýdan "Söwda öýi" kärhanasynyň direktory katar tarapyny dürli ugurlarda, şol sanda energetika, azyk we dokma senagatynda bar bolan maýa goýum mümkinçiliklerini öwrenmäge çagyrdy.
Çeşme: qatarchamber.com

Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň işewürler toparlary söwda we senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmegi, ýurtaryň ikisinde hem işewürler bileleşigini döredip, amatly maýa goýum mümkinçiliklerini döretmek meselelerine garaýarlar. Bu boýunça gepleşikler Doha şäherinde Katar Döwletiniň Palatasynyň dolandyryş we maliýe meseleleri boýunça direktory Hussian Ýusef Al Abdulganiniň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň "Söwda öýi" kärhanasynyň direktory Serdar Kepbanowyň arasynda geçirildi.

Hussian Al Abdulgani iki ýurduň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berip, döwletleriň ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge tagalla edýändiklerini belledi. Iki ýurduň işewürleriniň özara gatnaşyklaryna ýardam etmekde söwda-senagat palatlarynyň ähmiýetli orny bellendi.

Öz gezeginde, Serdar Kepbanow türkmen işewürleirniň katar bazarynda maýa goýum mümkinçiliklerine we bu ýurduň işewürleri bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändiklerini belledi. Iki ýurduň söwda-senagat palatalarynyň wekilleriniň özara saparlarynyň hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigi bellendi.

Maýa goýum babatda Türkmenistanda döredilen mümkinçilikler barada aýdan "Söwda öýi" kärhanasynyň direktory katar tarapyny dürli ugurlarda, şol sanda energetika, azyk we dokma senagatynda bar bolan maýa goýum mümkinçiliklerini öwrenmäge çagyrdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026