Hançžouda aziýa gülleriniň bagy açyldy


Hytaýyň Çžeszýan welaýatynyň Hançžou şäherinde XIX tomusky Aziýa oýunlaryna bagyşlanan aziýa gülleriniň bagy açyldy diýip “Jenmin žibao” habar berýär.

Esasy mowzugy “tohumlaryň taryhy” diýip atlandyrylan seýilbagda iki ugur—“Gury ýer Ýüpek ýoly” we “Deňiz Ýüpek ýoly” ugurlary goýuldy. Seýilbagda dürli Aziýa sebitleriniň—Günbatar Aziýanyň, Günlogar Aziýanyň, Günorta Aziýanyň, Günorta-Gündogar Aziýanyň we Merkezi Aziýanyň medeni aýratynlyklary we gül nyşanlary öz beýanyny tapdy.

Jemi bu ýerde ylmy nukdaýnazardan Aziýa oýunlaryna gatnaşyjy ýurtlar üçin mahsus bolan we Hançžouda ösdürip ýetişdirmäge ýaramly bolan gülleriň 200- den gowrak görnüşi ösdürilýär.

Derýanyň kenarynda ýerleşýän seýilbagyň meýdany 28 müň inedördül metre deňdir.

Seýilgähiň “Gündogar gül ritmi”, “Aziýa gül halysy”, “Gül ýelkeni” we beýleki bölümleri gözelligi bilen göreni haýran galdyrýar.
ORIENT news








