Marsyň mineral dürlüligi Ýeriňkiden pesdigi anyklandy


Waşingtondaky Karnegi institutynyň alymlary minerallaryň mukdary we görnüşleri boýunça Marsyň Ýerden ep-esli garypdygyny ýüze çykardylar. 50 ýyldan gowrak gözlegiň dowamynda gyzyl planetada diňe 161 mineral tapyldy, biziň planetamyzda bolsa, 6 müňe golaý minerallar mälimdir. Gözlegiň netijeleri Journal of Geophysical Research: Planets (JGR: Planets) žurnalynda çap edildi.
Alymlaryň pikiriçe, bu tapawudyň sebäbi, planetalaryň içini emele getirýän dürli şertlerde we proseslerdedir. Ýer ýüzünde minerallaryň emele gelmeginiň plastinka tektonikasy, gidrotermiki işjeňlik, erroziýa, okislenme we biologiki hereketler ýaly 57 görnüşi bardyr. Marsda bolsa, şeýle görnüşleriň sany 20-ä deňdir.
Gadymy döwürde iki planetanyň hem mineral emele geliş usullary bardyr. Mysal üçin, Ýerdäki we Marsdaky ilkinji magdanlar sowadyjy magmadan kristallaşan bolmagy ähtimaldyr.
Şeýle-de bolsa, wagtyň geçmegi bilen Ýer täze minerallaryň emele gelmegine goşant goşýan çylşyrymly we dürli prosesleriň bolup geçen has dinamik we dürli minerally planeta öwrüldi. Mars has statik we monoton planetadyr, onda beýle prosesler bolmandyr diýip hasap edilýär.
ORIENT news








