Gazagystanly seýise “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen adyň şahadatnamasy gowşuryldy


Almaty şäherindäki “Tükmenistanyň jemgyeýtçilik-medeni merkezi” milli medeni jemgyýetinde Gazagystandaky “Ahal-Teke” atçylyk hojalygynyň direktory Dika Ýakowa “Türkmenistnyň at gazana atşynasy” hormatly adynyň şahadatnamasy gowşuryldy. Dika Ýakowa ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem agzasydyr.
Sylaglamak dabarasyny Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy tarapyndan guraldy. Onda hormatly ady Gazagystanyň raýatyna bermek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary okaldy. Bu hormatly at Dika Ýakowyň atçylyk pudagyny ösdürmekde, ahaleteke atlarynyň arassa ganlylygyny sakamak ugrunda bitire hyzmatlary üçin gowşuryldy.
Dika Ýakowa ýokary sylagy hoşallyk bilen kabul etdi we Türkmenistanyň Prezidentine atçylyk pudagyny ösdürmekde we ahalteke atlarynyň sanyny artdyrmakda durmuşa geçirýän işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
ORIENT news








