Aşgabatdaky institutda türkmen-emirlik kitaphanasy açyldy


Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda türkmen-emirlik kitaphanasy we arap dilini öwrenmek üçin zal açyldy. Onuň açylyş dabarasy Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýanyň baş direktory Nikolaý Mladenowyň Türkmenistana saparynyň barşynda geçirildi.
Arap dili özünde baý poeziýany, prozany, folklory we dini ýazgylary we ylmy işleri özünde jemleýän baý dildir. Emirlik edebiýaty arap medeniýetini, däp-dessurlaryny we häzirki zaman ýörelgelerini öwrenmek üçin gymmatly çeşmedir.

Türkmen-emirlik kitaphanasynyň açylyşyna daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, institutyň rektory Maral Kuliýewa we BAE-niň ýurdumyzdaky ilçisi Ahmed Al Hameli hem gatnaşdylar.
Şeýle hem, Nikolaý Mladenow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyp ýaşlarynyň öňünde hem çykyş etdi.
ORIENT news








