HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystanda blogerler barada kanun güýje girdi

Sentýabr 09, 2023 | 16:38 |9968
9-njy sentýabrda Gazagystanda güýje girizilen kanun onlaýn platfomalaryň we blogerleriň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýär. Täze kanunda hereket edýän jenaýat jogapkärçiligi bilen bilelikde, Internet ulgamynda ýalan maglumatlaryň ýaýradylandygy üçin administratiw jogapkärçiligi göz öňünde tutýar.9-njy sentýabrda Gazagystanda güýje girizilen kanun onlaýn platfomalaryň we blogerleriň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýär. Täze kanunda hereket edýän jenaýat jogapkärçiligi bilen bilelikde, Internet ulgamynda ýalan maglumatlaryň ýaýradylandygy üçin administratiw jogapkärçiligi göz öňünde tutýar.
Çeşme: lawsoup.org

9-njy sentýabrda Gazagystanda güýje girizilen kanun onlaýn platfomalaryň we blogerleriň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýär. Täze kanunda hereket edýän jenaýat jogapkärçiligi bilen bilelikde, Internet ulgamynda ýalan maglumatlaryň ýaýradylandygy üçin administratiw jogapkärçiligi göz öňünde tutýar.

Täze kabul edilen düzgünlere laýyklykda, onlaýn meýdançalara milli diliň ornaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar. Bu sosial ulgamlaryň düzümini gazak diline üýtgetmäge şert döreder diýip, tengrinews.kz neşiri mälim edýär.

Kabul edilen kanun onlaýn meýdançalara ygtybarly bolmadyk maglumatlara we salgyt tölemekden gaçýan taraplara garşy göreşmekde döwlet edaralary bilelikde iş alyp barmagy borçlandyrýar.

Sosial ulgamlardaky hasaplarynda mahabatlary ýerleşdirýän gazak blogerleri resmi ýagdaýda telekeçi hökmünde hasaba alnan bolmalydyr. Munuň üçin degişli çeşmäni ulanyjylaryň sanyny kesgitleýän ýörite programmany ornaşdyrmak we bu iş bilen meşgullanýan tarapyň ygtyýarly döwlet edarasy bilen işleşýän kanuny wekiliniň bolmagy talap edilýär.

Onlaýn platformada kanuna garşy gelýän maglumat ýerleşdirilen ýagdaýynda, döwlet edarasy blogeriň kanuny wekiline degişli maglumaty Internet ulgamyndan aýyrmak barada habar berýär. Bu talaplar ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda ygtyýarly döwlet edarasy kanun esasynda onlaýn platformanyň işini çäklendirmäge hukuklydyr.

Şeýle hem, internet meýdançasynda reklama goýýan ulanyjy onuň ýüzüne öz nyşanlaryny goýmagy möhümdir we ähli işleri ýurduň telekeçilik işi baradaky kodeksine laýyklykda alyp barmagy möhümdir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

23:25 Awgust 12, 2026
Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

23:14 Awgust 12, 2026
Tähranda Hazar deňziniň ekologiýasy we «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek baştutanlaryň duşuşygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Tähranda Hazar deňziniň ekologiýasy we «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek baştutanlaryň duşuşygy ara alnyp maslahatlaşyldy

19:00 Awgust 12, 2026