HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BMG-Habitat hünärmenleri iş sapary bilen Aşgabada geldiler

Sentýabr 08, 2023 | 20:12 |6499
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa anna güni Aşgabatda iş sapary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly ýerler boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) wekilleri Katýa Şefer we Herman Pienaar bilen duşuşdy.Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa anna güni Aşgabatda iş sapary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly ýerler boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) wekilleri Katýa Şefer we Herman Pienaar bilen duşuşdy.
Çeşme: unhabitat.org

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa anna güni Aşgabatda iş sapary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly ýerler boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) wekilleri Katýa Şefer we Herman Pienaar bilen duşuşdy.

Duşuşykda Türkmenistan bilen BMG-HABITAT arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem, mundan beýläkki gatnaşyklar üçin aýratyn ugurlar beýan edildi. Bu meselede taraplar bilelikde hyzmatdaşlygyň Ýol kartasyny işläp düzmek barada ylalaşdylar diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşykda BMG-Habitatyň Türkmenistanda edarasyny açmak mümkinçiligi hem göz öňünde tutuldy.

Aşgabadyň BMG-Habitat-nyň ýurt boýunça edarasyny kabul etmäge taýýardygy iýul aýynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýewiň BMG-niň Ilatly ýerler boýunça maksatnamasynyň ýerine ýetiriji direktory Maýmuna Mohd Şerif bilen 2023-nji ýylda Nýu-Ýork şäherinde geçirilen ýokary derejeli Syýasy forumyň çäginde hem mälim edildi.

Şol bir wagtyň özünde, şu ýylyň sentýabr aýynyň başynda BMG-Habitat wekillerini Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

BMG-Habitat hünärmenleri, şu ýylyň fewral aýynda BMG-nyň Arkadag şäherine tehniki missiýasyna, şeýle hem iýun aýynyň ahyrynda täze şäheriň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň 2-nji tapgyryny we Aşgabat-siti şäher taslamasyny durmuşa geçirmek üçin teklipleriň işlenip düzülmegine goşant goşdular.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly ýerler boýunça maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygy milli şäher syýasatlaryny, şeýle hem düzgünleri, meýilnamalaşdyryş we dizaýn ýörelgelerini, şäher ykdysadyýeti we maliýe goldawyny ösdürýär.

BMG-Habitat, has gowy geljekki şäherler ugrunda işleýän Birleşen Milletler Guramasynyň maksatnamasydyr. Onuň maksady, ilatly ýerleriň sosial we ekologiýa taýdan durnukly ösüşini üpjün etmek, hemmeler üçin ýeterlik ýaşaýyşy üpjün etmekdir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

23:25 Awgust 12, 2026
Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

23:14 Awgust 12, 2026
Tähranda Hazar deňziniň ekologiýasy we «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek baştutanlaryň duşuşygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Tähranda Hazar deňziniň ekologiýasy we «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek baştutanlaryň duşuşygy ara alnyp maslahatlaşyldy

19:00 Awgust 12, 2026