HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty däneli ekinleri üstaşyr geçirmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir

Sentýabr 09, 2023 | 12:06 |6421
Awgust aýynyň dowamynda Russiýa Federasiýasyndan 12 müň tonnadan gowrak güýzlük bugdaý tohumy daşaldy. Bu bugdaý tohumy güýzlük bugdaýyň 5 sany iň ýokary sortlarynyň sanawyna girizilen “Bezostaýa 100” we “Alekseiç” ýaly görnüşlerine degişlidir.Awgust aýynyň dowamynda Russiýa Federasiýasyndan 12 müň tonnadan gowrak güýzlük bugdaý tohumy daşaldy. Bu bugdaý tohumy güýzlük bugdaýyň 5 sany iň ýokary sortlarynyň sanawyna girizilen “Bezostaýa 100” we “Alekseiç” ýaly görnüşlerine degişlidir.
Çeşme: "Türkmendeňizderýaýollary" agentligi

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty dürli görnüşli harytlary üstaşyr geçirmek üçin döwrebap we möhüm ulag-logistika merkezidir. Daşary döwletlerden, hususan-da, Russiýa Federasiýasyndan däneli ekinleri import edip, üstaşyr geçirmek portuň esasy işleriniň biridir.

Russiýanyň Astrahan sebitinden getirilýän däneli ekinler portuň iki sany - umumy we ürgün ýük terminallary arkaly kabul edilip, gerekli ýerlere ugradylýar. Portuň amatly döwrebap mümkinçilikleri kabul edilýän däneli ekinleri tiz düşürip, ýüklemäge we ýerleşdirmäge şertleri döredýär. Ürgün ýük terminalynda däneli ekinler ýörite silos enjamlarynda arassalanyp ugradylýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda, umumy kuwwaty 35 000 m3 bolan 14 sany häzirki zaman däne siloslary bolup, olar däne önümlerini çyglylykdan gorap, önümiň ygtybarly iberilmegi üçin ähli amatly şertleri döredýär.

64fb2f64c9645495754286.jpg

Awgust aýynyň dowamynda Russiýa Federasiýasyndan 12 müň tonnadan gowrak güýzlük bugdaý tohumy daşaldy. Bu bugdaý tohumy güýzlük bugdaýyň 5 sany iň ýokary sortlarynyň sanawyna girizilen “Bezostaýa 100” we “Alekseiç” ýaly görnüşlerine degişlidir.

Häzirki wagtda, importdan başga, däne önümleriniň Russiýa Federasiýasynyň günorta sebitlerinden Pars aýlagyndaky ýurtlaryna we beýleki sebitlere ýükleriň üstaşyr daşalmagy boýunça gepleşikler alnyp barylýar. Bugdaý önümleri daşalyşynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň infrastrukturasynyň mümkinçilikleri, şeýle hem, milli söwda flotumyzyň “Magtymguly”, “Türkmenistan” we “Balkan” gury ýük gämileri uly ähmiýete eýedir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026
«Biznes gije näme satyn alýar: ALSAT-dan 5 garaşylmadyk fakt»

«Biznes gije näme satyn alýar: ALSAT-dan 5 garaşylmadyk fakt»

20:08 Sentýabr 16, 2026
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi we GIZ Hazarüsti geçelgesiniň taslamasy boýunça sanly hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi we GIZ Hazarüsti geçelgesiniň taslamasy boýunça sanly hyzmatdaşlygy giňeldýär

06:05 Sentýabr 16, 2026