HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Parižde türkmen tarapynyň wekilleri bilen onlarça biznes-duşuşyklary we gepleşikleri geçirildi

Sentýabr 06, 2023 | 23:29 |6840
4-5-nji sentýabr aralygynda Parižde türkmen delegasiýasynyň agzalary bilen fransuz işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda onlarça işewürlik duşuşygy geçirildi.4-5-nji sentýabr aralygynda Parižde türkmen delegasiýasynyň agzalary bilen fransuz işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda onlarça işewürlik duşuşygy geçirildi.
Çeşme: parisattitude.com

4-5-nji sentýabr aralygynda Parižde türkmen delegasiýasynyň agzalary bilen fransuz işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda onlarça işewürlik duşuşygy geçirildi.

Hususan-da, “Fransiýa-Türkmenistan” söwda palatasynyň, lukmançylyk hyzmatlaryny üpjün edijileriň French Healthcare ulgamynyň, maliýe düzümleriniň Coface, UBAF, Société Générale CIB we Credit Agricol, Landşaft arhitektorlary federasiýasy IB2C France we Cifal, Thales, Airbus, Totalenergies, MBDA, Bouygues, Vinci ýaly başga-da birnäçe kompaniýalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy saparyň netijeleri barada "Özara gatnaşyklaryň giň topary ara alnyp maslahatlaşyldy, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary kesgitlendi" -diýip belleýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda fransuz kompaniýalary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda iri taslamalary durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlaryna öwrüldi. Häzirki wagtda fransuz işewürligi, energiýa, nebit we gaz, oba hojalygy, gurluşyk, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet we syýahatçylyk ýaly köp sanly türkmen bazarynda hereket edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026