HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we ÝUNESKO bilelikdäki çäreleriň meýilnamalaryny beýan etdiler

Sentýabr 06, 2023 | 22:54 |8937
Sişenbe güni Parižde Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky gatnaşyklar we onuň geljegi Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-nyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary Szin Sýuýyň duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.Sişenbe güni Parižde Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky gatnaşyklar we onuň geljegi Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-nyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary Szin Sýuýyň duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çeşme: news.un.org

Sişenbe güni Parižde Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky gatnaşyklar we onuň geljegi Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-nyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary Szin Sýuýyň duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň ÝUNESKO-a girmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli birnäçe bilelikdäki çäreleri geçirmek meýilnamalaryny beýan etdiler.

“2021-nji ýylda gol çekilen Türkmenistanyň hökümeti bilen ÝUNESKO-nyň arasynda 2021-2023-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň, şeýle hem Türkmenistanyň hökümeti bilen ÝUNESKO-nyň arasynda Ynam gaznasyny döretmek hakynda 2015-nji ýyldaky Çarçuwaly ylalaşygyň ähmiýeti barada nygtaldy"-diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatynda aýdylýar.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda ylym we bilim ugurlarynda we milli medeni mirasy ýaýratmak ugrundaky gatnaşyklary giňeltmek isleýändiklerini tassykladylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026