HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Doha şäherinde geçiriljek “Expo 2023” sergisinde Türkmenistanyň pawilýony taýýarlanar

Sentýabr 07, 2023 | 00:36 |8150
2024-nji ýylyň 28-nji marty – 2-nji oktýabry aralygynda Katar Döwletiniň paýtagty Dohada geçiriljek “Expo 2023” bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň pawilýonynyň şekil taslamasyny “Söwda öýi” hususy kärhanasy düzer we gurar.2024-nji ýylyň 28-nji marty – 2-nji oktýabry aralygynda Katar Döwletiniň paýtagty Dohada geçiriljek “Expo 2023” bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň pawilýonynyň şekil taslamasyny “Söwda öýi” hususy kärhanasy düzer we gurar.
Çeşme: dohaexpo2023.gov.qa

2024-nji ýylyň 28-nji marty – 2-nji oktýabry aralygynda Katar Döwletiniň paýtagty Dohada geçiriljek “Expo 2023” bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň pawilýonynyň şekil taslamasyny “Söwda öýi” hususy kärhanasy düzer we gurar. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna “Söwda öýi” hususy kärhanasy bilen degişli şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Türkmenistan şu ýylyň iýul aýynda Katar Döwletiniň “Expo 2023” sergisini guraýjylary bilen ählumumy sergä gatnaşmak üçin hem ylalaşyk baglaşypdy.

“Expo 2023 Doha Qatar” – ählumumy bagçylyk sergisi bolup, onuň mowzugy “Ýaşyl çöl, iň gowy daşky gurşaw” diýlip atlandyrylyp, çölleşmä, oba hojalygynyň häzirki zaman meselelerine durnukly innowasiýalary we tebigaty goramaga ýardam edýän tehnologiýalary ösdürmäge gönükdirilendir. Bütindünýä sergisine 80 döwletiň gatnaşmagyna we 3 milliondan gowrak adamyň baryp görmegine garaşylýar.

Serginiň resmi hemaýatkäri “Qatar Airways” awiakompaniýasy indiki aýdan ýolagçy uçarlaryna “Expo 2023 Doha” nyşanlaryny ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Mundan başga-da, awiakompaniýa ýolagçylaryna sagdyn iýmit görnüşlerini we serginiň geçirilýän döwründe Dohada ýaşamak üçin halkara syýahatçylara mugt wauçerleri hödürlemegi göz öňünde tutýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Tähranda Hazar deňziniň ekologiýasy we «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek baştutanlaryň duşuşygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Tähranda Hazar deňziniň ekologiýasy we «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek baştutanlaryň duşuşygy ara alnyp maslahatlaşyldy

19:00 Awgust 12, 2026
Duşenbede Türkmenistanyň durmuşyndaky möhüm wakalar we ýurduň halkara başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Duşenbede Türkmenistanyň durmuşyndaky möhüm wakalar we ýurduň halkara başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy

18:54 Awgust 12, 2026
PIXEL COMPUTERS STORE: Kompýuter tehnikasynyň giň görnüşi we ygtybarly kepillik

PIXEL COMPUTERS STORE: Kompýuter tehnikasynyň giň görnüşi we ygtybarly kepillik

18:48 Awgust 12, 2026