HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Lebapda pagta ýygnamak üçin 310 sany agyr tehnikalar taýýarlandy

Sentýabr 07, 2023 | 07:57 |6030
Lebap sebitinde pagta ýygnamak üçin 310 sany agyr tehnikalar, şol sanda 218 Jon Deere 9970 we 90 MX-1.8 kombaýnlary taýýarlandy. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, 9-njy sentýabrda Lebap, Balkan, Mary we Ahal welaýatlarynda “ak altynyň” ýygymyna başlanar, diýip, Türkmen gündogary gazeti habar berýär.Lebap sebitinde pagta ýygnamak üçin 310 sany agyr tehnikalar, şol sanda 218 Jon Deere 9970 we 90 MX-1.8 kombaýnlary taýýarlandy. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, 9-njy sentýabrda Lebap, Balkan, Mary we Ahal welaýatlarynda “ak altynyň” ýygymyna başlanar, diýip, Türkmen gündogary gazeti habar berýär.
Çeşme: turkmenmetbugat.gov.tm

Lebap sebitinde pagta ýygnamak üçin 310 sany agyr tehnikalar, şol sanda 218 Jon Deere 9970 we 90 MX-1.8 kombaýnlary taýýarlandy. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, 9-njy sentýabrda Lebap, Balkan, Mary we Ahal welaýatlarynda “ak altynyň” ýygymyna başlanar, diýip, Türkmen gündogary gazeti habar berýär.

Ýurdumyzyň gündogar sebitiniň oba hojalyk sektory döwlet harmanyna takmynan 320 müň tonna “ak altyn” tabşyrmagy meýilleşdirýär. Şu ýylky pagta möwsümine Çärjew, Saýat we Dänew etraplarynda uly taýýarlyk işleri görüldi. Eýýäm Türkmenabat tejribe-synag abatlaýyş zawody degişli enjamlara diagnostika geçirdi we ätiýaçlyk şaýlaryny taýýarlady.

Pagta hasylynyň ýygymy başlananda, pagta arassalaýjy kärhanalar hem, önümçilige başlaýar. 9-njy sentýabrda ýurdumyzyň esasy oba hojalygyna ýöriteleşen etraplarynda pagta ýygymy möwsümi dabaraly ýagdaýda başlar.

Häzirki wagtda köp sanly oba hojalayk tehnikalary tutuş ýurt boýunça alnyp barylýan güýzlük bugdaý ekmek işi bilen meşgullanýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026