Ýapon wekiliýeti Halkara gatnaşyklary institutyna baryp gördi


Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Nagate Kýosukeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna baryp gördi.
Wekiliýetiň hatarynda Sukuba uniwersitetiniň prezidenti bilen birlikde, ýapon ýokary okuw mekdebiniň wise-preizdenti, professorlary, Ýapon gaznasynyň ýolbaşçylary bar. Olaryň saparynyň maksady medeniýet, bilim we ýapon dilini öwretmek ugurarynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmekden ybaratdyr.

Ýaponiýanyň wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda dabaraly garşylandy. Türkmen we ýapon ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary hünärmenleri taýýarlamak pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda özara pikir alyşdylar.
Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýewiň mälim etmegine görä, institutyň geçen 15 ýylynda dünýäniň 27 döwletini ýokary okuw mekdepleri we diplomatik akademiýalary bilen 30 resminamanyň baglaşylandygyny aýtdy.

Şolaryň hatarynda Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleri bilen hem bilim pudagynda özara gatnaşyklar işjeňleşdirilýär. Halkara ýaşlar maksatanamalarynyň çäklerinde talyplaryň özara alyş-çalşy guralýar. Türkmen diplomatiýasynyň ýokary mekdebiniň talyplary hem 2017-nji ýyldan başlap “Günüň dogýan ýurduna” dürli bilim maksatnamalarynyň çäklerinde sapar bilen bardylar.
Ýapon dili Halkara gatnaşyklary institutynda ikinji daşary ýurt dili hökmünde okadylýar. Ýokary okuw mekdebiniň ýapon dili boýunça okuw maksatnamasynda ýapon medeniýetine, taryhyna, edebiýatyna we daşary syýasatyna degişli mowzuklar giňişleýin öwrenilýär.

Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory şu ýylyň aprel aýynda Ýaponiýa bolan saparyň çäklerinde Ýaponiýanyň Halkara gatnaşyklary nstitutynyň baş direktory, Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň wekilleri bilen duşuşandygyny nygtady. Şeýle hem, saparyň çäklerinde, Soka uniwersitetinde ýaşlar syýasaty boýunça “tegelek stol” maslahaty geçirildi.
Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, rektor Jumamyrat Gurbangeldiýew birnäçe teklipleri orta atdy. Ol Sukuba uniwersiteti tarapyndan çap edilýän neşirlere we kitaphanasyndaky kitaplara elýeterliligiň üpjün edilmegini, we türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň meseleleri boýunça bilelikdäki onlaýn okyw maslahaty guramagy öňe sürdi.

2021-nji ýylda institutyň düzüminde magistratura bilimi boýunça sanly diplomatiýa hem-de sanly ulgamlar we kommunikasiýalar hünärleriniň açylandygyny göz öňünde tutup, ýapon bilermenleriniň bu ugurlar boýunça institutyň talyp ýaşlaryna yzygiderli sapak bermegi ýerlikli bolar.

Sukuba unwersitetiniň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmek maksady bilen, Halkara gatnaşyklary institutynyň fakultetleri bilen ýapon uniwersitetiniň Ýapon dili we medeniýeti mekdebi hem-de Iş dolandyryş we ynsanperwer ylymlary mekdebiniň arasynda aragatnaşyklary ýola goýmak we iki döwletiň mugallymlarynyň we bilermenleriniň özara saparlaryny guramak öňe sürüldi.

Şeýle hem, Jumamyrat Gurbngeldiýew Sukuba uniwersitetiniň Nobel baýragyna eýe bolan alymlaryny we professorlaryny institutyň talyp ýaşlarynyň öňünde onlaýn sapak bermäge çagyrdy.

Sukuba uniwersitetiniň rektory şu günki saparyň ylym-bilim we hünärmenleri taýýarlamak pudagynda türkmen-ýapon gatnaşyklarynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi. Ýapon wekiliýeti Halkara gatnaşyklary institutynyň binalary, okuw otaglary we aýratynlyklary bilen giňişleýin tanyşdyryldy.

ORIENT news








