Balkanabatda gazlandyrylan içgileriň we arassa agyz suwynyň önümçiligi ýola goýuldy


“Zürýada hyzmat” hususy kärhanasy Balkanabat şäherinde gazlandyrylan alkogolsyz içgileri we arassalanan agyz suwlaryny öndürip başlady. Önümler “Dam-dam” markasy bilen satylýar we günbatar sebitde we ýurduň beýleki sebitlerinde bölek satuw nokatlaryna iberilýär.
Kärhana Germaniýadan, Hytaýdan we Russiýadan gelen häzirkizaman tehnologiki enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Ýasga ýerasty çeşmesinden bu ýere gelýän suw ýokary hilli süzgüçler bilen iki basgançakda arassalanýar we berk laboratoriýa gözegçiliginden geçirilýär. Her ýyl kärhananyň önümçilik kuwwaty 15 million litr çüýşeli arassa agyz suwyny we 8,5 million litr gazlandyrylan alkogolsyz içgileri, şol sanda dürli miwe tagamly süýji içgileri öndürmäge mümkinçilik berýär.
"Dam-dam" gazlandyrylan içgileri we arassalanan suwy dürli ululykdaky gaplara guýulýar. TSTB-niň web sahypasynyň berýän habaryna görä, içgi önümleriniň polietilen gaplanylyşy üçin çig mal, “Uly çynar” HJ tarapyndan üpjün edilýär.
ORIENT news








