Türkmenistanda güýzki at çapyşyklara badalga berildi


Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda däp bolan güýzki at çapyşyklara badalga berildi. Paýtagtymyzdaky aýlawda möwsümiň açylmagy mynasybetli aýdym- saz toparlarynyň we estrada atristleriniň konserti ýaýbaňlandyryldy.
90 gektar meýdany eýeleýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy Türkmenistandaky iň iri ippodromdyr. 50 sany gatnaşyjy dürli aralyklarda güýç synanyşdylar. Çapyşyklarda ýeňiji bolan çapyksuwarlara dabaraly ýagdýada baýraklar gowuşyryldy.
At çapyşyklar türkmen halkynyň söýgüli däpleriniň biri bolup, tutuş ýurt boýunça geçirilýär. Köp asyrlyk däp-dessurlary giňden wagyzetmek, ýaşlary atly sport bilen meşgullanmaga çekmek hem-de deňsiz-taýsyz ahalteke tohumyny gorap saklamak at çapyşyklaryň baş maksadydyr. Ýurdumyzyň atçylyk pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasy ýetişdirer. Ol Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça gurlup, 1-nji sentýabrda Arkadag şäherinde açyldy.
ORIENT news








