HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Halkara arheologiýa ekspedisiýasy Marguşda gözleg işlerini alyp barýar

Sentýabr 04, 2023 | 17:49 |8144
Sentýabr aýynda halkara arheologiýa topary gadymy Marguşyň çäklerinde gazuw-agtaryş işlerini gaýtadan dikeltdi. Bu barada Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy özüniň sosial ulgamlarynda mälim edýär.Sentýabr aýynda halkara arheologiýa topary gadymy Marguşyň çäklerinde gazuw-agtaryş işlerini gaýtadan dikeltdi. Bu barada Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy özüniň sosial ulgamlarynda mälim edýär.
Çeşme: Instagram.com/italyinturkmenistan

Sentýabr aýynda halkara arheologiýa topary gadymy Marguşyň çäklerinde gazuw-agtaryş işlerini gaýtadan dikeltdi. Bu barada Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy özüniň sosial ulgamlarynda mälim edýär.

Ortaýer deňiz we Gündogar barlaglary boýunça halkara assosiasiýanyň, şeýle hem, Berliniň Erkin uniwersitetiniň, Bolon uniwersitetiniň alymlar topary “Togolok-1” diýlen toplumda gözleg işlerini alyp bararlar. Murgap derýasynyň boýunda we 30-dan gowrak taryhy ýadygärligi bolan bu toplumda ýaşaýyş biziň eramyzdan ozal 2400 – 1950-nji ýyllarda gülläp ösüpdir. Murgap derýasynyň suwunyň çekilmegi bilen gadymy ýaşaýjylar bu ýerleri terk edipdirler.

64f5d2218edf7118448009.jpg

“Togolok-1” toplumyndaky arheologiki gözlegler Bolon uniwersitetiniň medeniýet we onuň taryhy departamentiniň, Ortaýer deňiz we Gündogar barlaglary boýunça halkara assosiasiýanyň, “L’Orientale” Neapolitan uniwersitetiniň, Italiýanyň Daşary işler we hyzmatdaşlyk ministrliginiň maliýe goldawy bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Italiýanyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň hyzmatdaşlygynyň çäklerinde durmuşa geçirilýär.

Arheologiýa işleri 4 hepdeläp oktýabr aýynyň ortalaryna çenli dowam eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026