HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde ýaşlara umumy sapak geçdi

Sentýabr 02, 2023 | 23:20 |12981
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy sapak geçdi.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy sapak geçdi.
Çeşme: TDH

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy sapak geçdi. Oňa ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işleýän ýaş hünärmenler, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, mugallymlary we talyplary, mekdep okuwçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

64f2d8632a039868113954.jpg

Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we Watanymyzyň okgunly ösüşine, halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, türkmen halkynyň şöhratly taryhy, milli gymmatlyklary, özboluşly däp-dessurlary, ýaşlaryň öňünde durýan wezipeler barada giňişleýin çykyş etdi.

Bellenişine görä, şu okuw ýylynda birinji synpa kabul edilen okuwçylaryň 153 müň 353-sine ýurdumyzda öndürilen kompýuterler sowgat berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri döwrebap ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlarymyzy taryhy özgertmeleriň jümmüşinde bolup, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň XXI asyryň nusgalyk şäherleri hökmünde ykrar edilmegine mynasyp goşantlaryny goşmaga çagyrdy.

Nygtalyşy ýaly, ýaşlar hemişe kämillige ymtylmalydyrlar. Çünki kämillik ýaşlar üçin iň ýokary derejedir. Ýadawsyz çekilmeli zähmet, kämilleşdirilmeli bilimler we hünärler, özleşdirilmeli tejribeler ýaşlaryň öz-özüni kämilleşdirmeginiň ýolundaky sepgitlerdir. Kämillik — ynsan durmuşynyň ölçeg daşy, bezegi hem ajaýyplygydyr.

Bellenilişi ýaly, biz belent maksatlarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýaşlarymyza bil baglaýarys. Şol maksatlara diňe oýlanyşykly, döredijilikli işler, beden we ruhy taýdan kämillik, üstünliklere bolan ynam bilen ýetip bolar. Hemmetaraplaýyn sagdyn, kämil nesiller bilen ýetilmejek menzil, bitirilmejek iş ýokdur.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026