Fransiýanyň Etret şäherinde täsin peýzaž sungaty emele getirildi


Her gün internet ulgamynda wizual görnüşde syýahat edip, dünýäniň täsin ýerlerine, adam eli bilen döredilen gözelliklere syn etmek bolýar. “ORIENT” hem öz gezeginde, Fransiýanyň Etret şäheriniň zehinli adamlarynyň döreden gözelliklerini okyjylaryna görkezmegi makul bildi.
Bu seýilgäh taslamasy diňe bir La-Manş bogzynyň fransuz kenaryndaky esasy syýahatçylyk ýerleriniň biri bolman, eýsem, abraýly “European Garden Award 2019” baýragynyň hem laureatydyr. Bu seýilgäh 2017-nji ýylyň maý aýynda açylyp, şondan bäri, bu ýere ýüz müňlerçe syýahatçy gelip gördi. Olar bu ýerde döredilen täsin tebigy gözellikleri synlamakdan we ýadygärlik surata düşmekden lezzet alýarlar.
Bu ýerde ajaýyplyklary her ädimde görmek bolýar we olar biri-birinden tapawutlanýar. Tebigat ösümlikleri – gyrkylan baglar, gaýalar we suwotular bu ýerde gaýtalanmajak sungat eserini döredipdir. Bu sungat bagynyň awtory russiýaly arhitektor Aleksandr Griwkodyr. “IL Nature” peýzaž kompaniýasynyň art-direktory birnäçe ýyl ozal Fransiýa göçüp gelipdir.

Onuň bellemegine görä, ol bu şäherdäki willa ozaldan göz gyzdyryp gelýän eken. Haçanda, ol willanyň satuwa çykarylandygyny eşidende, derrew gyzykanma bildiripdir. Birki sany bag diýmeseň, bu ýer satyn alnan wagtlary giden boşluk eken. Ýöne, onuň ýerleşýän ýeri örän owadan ýerde eken we ÝUNESKO tarapyndan goralýan ýerleriň sanawynda bolupdyr. Şonuň üçin-de, bu ýeriniň diňe daşky görnüşini däl, eýsem, her bir ekilýän bag üçin hem gurama bilen ylalaşmaly bolupdyr. Haçan-da, seýilgäh köpçülik üçin açylan-da, ol derrew köpçülikleýin çäreleriň we festiwallaryň geçirilýän ýerine öwrülipdir.
Willa öýi 1905-nji ýylda gurlup, ol “Roksolana” diýlip atlandyrylýan eken. Fransuz aktrisasy Madam Tibo-nyň hormatyn dakylan bu at bu öýüň ilkinji eýesi eken. Ol meşhur filmdäki janlandyrýan keşbine taýýarlanyp ýörkä, Süleýman soltanyň köşgüne meňzedip, üýtgeşik baglary we gülleri ekipdir.

Bagdaky açar – bu hakykatdan hem bagyň içinde ornaşdyrylan saz enjamydyr. Bu eser londonly “Grey World” suratkeşler topary tarapyndan ýerine ýetirilip, “Sagatly tokaý” ady dakylypdyr.

Seýilgähiň bu bölegi “Duýgular we ummanyň düýbi” diýlip atlandyrylýar. Balykgulak görnüşde döredilen baýyr 18-nji asyrda Etret şäherindäki meşhur fermanyň hormatyna dakylypdyr.

“Tolkun” diýlip atlandyrylýan bu bölüm umman suwlarynyň hereketini suratlandyrýar.

Wiktor Şostanyň taýýarlan Kloda Moneniň ot-çöpden taýýarlanylan keşbi. Ondan aňyrda ajaýyp deňiz keşbi janlanýar.

ORIENT news








