Hindistan Günüň ýanyna öz obserwatoriýasyny goýberdi


2-nji sentýabrda Hindistanyň Satiş Dhawana adyndaky Kosmos merkezinden raketa göterijisi arkaly "Aditya-L1" Gün awtomatiki stansiýasy Arş giňişligine goýberildi. Bu enjam Gün - Ýer aralygynda, Ýerden 1 ýarym million kilometr uzaklykda iş alyp barar.
Onuň bu uçuşy 100 gün dowam eder we ol Arş giňişliginde 5,2 ýyllap iş alyp baryp, Günüň daşky gatlaklaryny öwrener. Ýakyn döwürde Hindistan Ýeriň ýeketäk hemrasy bolan Aýa öz kosmonawtlaryny ugradar. Ýakynda ýurduň "Çandraýan 3" diýlip atlandyrylýan gonuş enjamy Aýyň günorta bölegine üstünlikli gonupdy.
Ýurduň Kosmos gullugy 2024-nji ýylyň aýagyna "Gaganýan" arş gämisi arkaly pes belentlikde Ýeriň daşyndan öwrüm etmegi meýilleşdirýärler. "Gaganýan" missiýasy kosmonawtlary howpsuz äkidip getirmegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, missiýa tizligi peseldiji paraşýutlary işläp taýýarlamakda gözlegleri alyp barýar we bu boýunça birnäçe synaglary üstünlikli geçirdi.

"Gaganýan" missiýasyna gatnaşyjy kosmonawtlar ýurduň Bangalor sebitindäki okuw merkezinde taýýarlanylýar.
ORIENT news








