"Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri" atly ÝUNESKO kluby döredildi


Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly açylan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda "Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri" atly ÝUNESKO kluby döredildi.

Täze klubyň döredilmegi ahalteke atçylyk sungatyny we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek babatda ýurdumyzyň BMG-niň iri düzümi bilen özara gatnaşyklarynyň dowamy bolup hyzmat eder.

Akademiýanyň düzümi özüne atçylyk, atçylygyň weterinariýasy, atly sport, syýahatçylyk we milli at üstündäki oýunlar, oba hojalygynyň ykdysadyýeti fakultetlerini, şeýle hem ugurdaş kafedralaryň 8-sini birleşdirýär. Döwrebap kompýuter, multimediýa we beýleki zerur bolan enjamlar, ýörite okuw serişdeleri bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdebinde umumy, tejribe we amaly otaglar, diplom we ylmy-barlag işlerini alyp barmaga niýetlenen otaglar, 600 orunlyk uly we 200 orunlyk kiçi mejlisler zallary bar. Molekulýar genetika, mikrobiologiýa, immunologiýa, anatomiýa, fiziologiýa we gistologiýa hem-de beýleki barlaghana otaglary talyplaryň we mugallymlaryň ygtyýaryndadyr.

Akademiýanyň çäginde 315 tomaşaça niýetlenen ýapyk görnüşli sirk sahnasy (manež) hem ýerleşýär. Bu ýerde milli at üstündäki oýunlary görkezmek, şeýle hem atly sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşikleri geçmek üçin ähli mümkinçilikler döredildi, talyplar üçin trenažýorlar, okuw otaglary bar.

Degişli derejede enjamlaşdyrylan we 20 bedewe niýetlenen athana atlary saklamak hem-de olara talabalaýyk ideg etmek maksady bilen döredildi. Şeýle hem bedewleri türgenleşdirmek üçin açyk meýdança göz öňünde tutuldy.
Bu ýerde 150 we 70 orunlyk naharhanalar bar. Akademiýanyň çäginde her biri 250 orunlyk iki sany umumy ýaşaýyş jaýy ýerleşýär.
ORIENT news








