HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Tagamly Kazan” festiwalynda türkmen palawyndan datmak üçin hatar düzüldi

Sentýabr 01, 2023 | 19:21 |10611
Tatarystanyň paýtagtynda geçirilen “Tagamly Kazan” gastrofestiwalynda hoşboý ysly türkmen palawy üçin uzyn hatar düzüldi. Festiwal Türkmenistanyň Baş konsullygy we Kazan syýahatçylyk komiteti tarapyndan gurnaldy.Tatarystanyň paýtagtynda geçirilen “Tagamly Kazan” gastrofestiwalynda hoşboý ysly türkmen palawy üçin uzyn hatar düzüldi. Festiwal Türkmenistanyň Baş konsullygy we Kazan syýahatçylyk komiteti tarapyndan gurnaldy.
Çeşme: gastronom.ru

Tatarystanyň paýtagtynda geçirilen “Tagamly Kazan” gastrofestiwalynda hoşboý ysly türkmen palawy üçin uzyn hatar düzüldi. Festiwal Türkmenistanyň Baş konsullygy we Kazan syýahatçylyk komiteti tarapyndan gurnaldy.

Iýmit festiwalynda türkmen palawyny taýýarlamak boýunça işine ezber aşpezler tarapyndan ussatlyk sapagy berildi. Ýygnananlar türkmen milli tagamyndan lezzet alyp, bu nahary taýýarlamagyň ähli yzygiderliligini görüp bildiler. Türkmen Baş konsullygynyň beýanatynda festiwalyň tomaşaçylary aşpezleriň döredijiligine iň ýokary bal bilen baha berdiler, muňa gazanyň golaýynda nobata düzülip palawdan dadyp görmek isleýänleriň köplügi şaýatlyk edýär.

Festiwalyň maksatnamasynda güýmenje çäreleri - ofisiantlar ýaryşy, nahar bişirmek ýaryşy, aşpezler we çagalar üçin ussatlyk sapaklary, blogerleriň leksiýalary, topar çykyşlary we sowgat çekişleri boldy.

Bu ýyl “Tagamly Kazan” gastrofestiwalyna takmynan 55 müň adam geldi. Bu çäre ilkinji gezek bir wagtyň özünde iki ýerde - Kazan merkezinde we Kazan Kremliniň ýerinde geçirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026