HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen döwlet uniwersitetinde Himiýa dersi boýunça II halkara internet olimpiadasy geçiriler

Sentýabr 01, 2023 | 11:38 |9419
Şu ýylyň noýabr aýynyň 14 — 17-si aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde sanly ulgam arkaly Himiýa dersi boýunça II halkara internet olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär.Şu ýylyň noýabr aýynyň 14 — 17-si aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde sanly ulgam arkaly Himiýa dersi boýunça II halkara internet olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Çeşme: sciencing.com

Şu ýylyň noýabr aýynyň 14 — 17-si aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde sanly ulgam arkaly Himiýa dersi boýunça II halkara internet olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň, ABŞ-nyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Italiýanyň, Rumyniýanyň, Täjigistanyň, Belarusuň, Özbegistanyň, Gazagystanyň hem-de beýleki döwletleriň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlar gatnaşarlar.

Ders olimpiadasynyň maksady ýaşlary himiýa dersini öwrenmäge howeslendirmekden, daşary ýurtlaryň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekden ybaratdyr.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti şeýle olimpiadany geçen ýylda hem üstünlikli geçiripdi. Şonda oňa dünýäniň 20-den gowrak döwletinden 300-den gowrak talyp ýaşlar gatnaşypdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026