HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda “JLPT” ýapon dilini biliş derejesiniň synagyndan geçmek üçin arzalary kabul etmek başlandy

Sentýabr 02, 2023 | 18:06 |9400
JLPT ýapon dili synagy üçin anketalar 4-8-nji sentýabr aralygynda Türkmenistandaky Ýaponiýanyň ilçihanasynda kabul ediler. Bu barada Ýaponiýanyň diplomatik wekilhanasy habar berdi.JLPT ýapon dili synagy üçin anketalar 4-8-nji sentýabr aralygynda Türkmenistandaky Ýaponiýanyň ilçihanasynda kabul ediler. Bu barada Ýaponiýanyň diplomatik wekilhanasy habar berdi.
Çeşme: предоставлено Посольством Японии в Туркменистане

JLPT ýapon dili synagy üçin anketalar 4-8-nji sentýabr aralygynda Türkmenistandaky Ýaponiýanyň ilçihanasynda kabul ediler. Bu barada Ýaponiýanyň diplomatik wekilhanasy habar berdi.

Ýaponiýanyň uniwersitetlerine girmek üçin ýörite dil synagyndan geçmeli bolup durýar. Daşary ýurtly talyplara Norek Siken ýa-da The Japanese Language Proficiency Test synagyndan şahadatnama bermelidir.

Nihongo Noreku Siken - daşary ýurtly talyplaryň ýapon dilini bilmek derejesini kesgitlemäge mümkinçilik berýän halkara synagdyr. 1984-nji ýyldan bäri Ýaponiýa halkara bilim birleşiginiň goldawy bilen geçirilen bu ýapon diliniň derejesini kesgitlemek üçin esasy we iň meşhur synag bolup durýar. Dünýäniň dürli künjeklerinden 600000-den gowrak talyp her ýyl bu synagdan geçýärler.

Synagy üstünlikli geçensoň, talyplara özboluşly aýratyn belgisi bolan hemişelik halkara şahadatnamasy berilýär.

Iki dildäki - ýapon we iňlis dilindäki görkezmeleri we anketalary Türkmenistandaky Ýaponiýanyň ilçihanasynyň web sahypasyndan (https://www.tm.emb-japan.go.jp/itpr_ja/11_000001_00317.html ) alyp bilersiňiz.

Synag töleginiň bahasy synag derejesine baglylykda üýtgeýär:

• N1 - 200 manat • N2 - 180 manat • N3 - 160 manat • N4 - 140 manat • N5 - 120 manat

Test synagy 3-nji dekabrda geçiriler. Belli wagty we ýeri Ýaponiýanyň ilçihanasynyň web sahypasynda çap ediler.

Arzalar irden 09:30-dan 12:45-e, günortandan soň bolsa 14:00-dan 17:00-a çenli kabul edilýär. Türkmenistandaky Ýaponiýanyň ilçihanasynyň salgysy: Paýtagt söwda merkeziniň 9-njy gaty.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026