HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen agyr atletikaçylary Saud Arabystanynda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşarlar

Sentýabr 02, 2023 | 13:51 |10228
4-nji sentýabrda Er-Riýadda (Saud Arabystany) başlanjak agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna türkmen türgenleri hem gatnaşarlar.4-nji sentýabrda Er-Riýadda (Saud Arabystany) başlanjak agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna türkmen türgenleri hem gatnaşarlar.
Çeşme: orient.tm

4-nji sentýabrda Er-Riýadda (Saud Arabystany) başlanjak agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna türkmen türgenleri hem gatnaşarlar.

Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň ORIENT-iň habarçysyna gürrüň berşi ýaly, türkmen wekiliýeti 22 adamdan ybarat bolup, olaryň 15-si türgenlerdir. Türkmenistanyň erkekler toparynda: Seýitjan Mirzaýew (61 kg), Bunyad Raşidow (67 kg), Perhat Bagtyýarow (67 kg), Bektimur Reýimow (73 kg), Gaýgysyz Töräýew (81 kg), Maksat Meredow (81 kg), Şatlyk Şohradow ( 89 kg), Şahzadbek Mätýakubow (96 kg), Dawranbek Hasanbaýew (102 kg), Hojamuhammet Toýçyýew (+109 kg) dagylar çykyş ederler.

Zenanlar kategoriýasynda: Ýulduz Jumabaýewa (49 kg), Kristina Şermetowa (59 kg), Polina Gurýewa (76 kg), Gülnabat Kadyrowa (76 kg), Anamjan Rüstamowa (81 kg) çykyş eder.

Türkmen agyr atletikaçylarynyň arasynda Ýulduz Jumabaýewa Saud Arabystanynyň münberinde ilkinjileriň hatarynda çykyş eder. Onuň çykyşynyň 6-njy sentýabrda bolmagy meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy agyr atletika boýunça geçiriljek bu dünýä çempionatyna Minsk şäherinde taýýarlyk görendigini bellemelidiris. Belarussiýanyň paýtagtyndaky okuw türgenleşigi 9-njy awgustdan 2-nji sentýabr aralygynda dowam etdi.

Er-Riýadda 4-nji sentýabrdan 14-nji sentýabr aralygynda geçiriljek dünýä çempionaty Olimpiýa oýunlarynyň saýlama tapgyrlaryndan biridir. Bu ýaryşlar, ýüzden gowrak ýurtdan alty ýüzden gowrak agyr atletikaçyny ýygnap, onda türgenler 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylary kesgitleýän reýtingde ýer almak üçin bäsleşerler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026