Türkmenistanda täze okuw ýyly: ilkinji jaň, dabaraly çäreler we birinji synpa gidýän okuwçylara noutbuklar


1-nji sentýabrda Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär. Asylly däbe görä, okuwçylar we talyp ýaşlar ilkinji okuw gününi Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň 27-nji orta mekdebindäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül desselerini goýmak dabarasyndan başlaýarlar.
Türkmenistanda birinji synpa gidýän okuwçylaryň ählisine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Halk Maslahatyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan döwrebap noutbuklar sowgat berildi.

Şu ýyl birinji synpa 153 müňden gowrak okuwçy gitdi. Olaryň her birine «Aýdyň gijeler» kärhanasynyň öndüren «Bilimli» noutbuklary sowgat berildi. Bu noutbuklar Android 13+ Google service operasion ulgamynda işleýär hem-de (RAM) DDR4 4GB operatiw ýady bar.
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5000 müň orunlyk täze binasynyň düýbini tutmak dabarasy boldy.

Mary welaýatynyň Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde 2000 orunlyk täze goşmaça okuw binasynyň, şeýle hem 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň hem-de sport desgasynyň düýbini tutmak dabarasy boldy.

Türkmenistanda her ýyl onlarça täze okuw edaralary gurulýar hem-de ulanmaga berilýär. Şu gün hem täze okuw ýyly mynasybetli ýurdumyzyň dürli sebitlerinde täze binalaryň açylyş dabaraly boldy. Dabaralara jemgyýetçilik guramalaryň, ýerli häkimýetiň wekilleri, hormatly ýaşulylar we ýaşaýjylar gatnaşdylar.
ORIENT news








