HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gyrgyzystanda gümrük tölegleri üçin ykjam goşundy döredildi

Awgust 22, 2023 | 23:24 |5780
Indi Gyrgyzystanda gümrük tölegleri internet elýeter bolan islendik ýerde
telefondan hiç hili nobatsyz amala aşyrylyp bilner. Ýurtda ýük daşaýjylaryň işini
ep-esli aňsatlaşdyrjak we wagtyny tygşytlajak ykjam programma döredildi.Indi Gyrgyzystanda gümrük tölegleri internet elýeter bolan islendik ýerde
telefondan hiç hili nobatsyz amala aşyrylyp bilner. Ýurtda ýük daşaýjylaryň işini
ep-esli aňsatlaşdyrjak we wagtyny tygşytlajak ykjam programma döredildi.
Çeşme: brightcove.com

Indi Gyrgyzystanda gümrük tölegleri internet elýeter bolan islendik ýerde telefondan hiç hili nobatsyz amala aşyrylyp bilner. Ýurtda ýük daşaýjylaryň işini ep-esli aňsatlaşdyrjak we wagtyny tygşytlajak ykjam programma döredildi.

Täze töleg ulgamy gümrük hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak maksatnamasynyň çäginde işlenip düzüldi. Bu taslama gümrük paçlaryny tölemegiň tertibini ýönekeýleşdirmek we gümrük taýdan resmileşdirme işini çaltlaşdyrmak üçin döredildi.

Gyrgyzystanyň Döwlet gümrük gullugynyň metbugat beýanatyna görä, bu programma goşmaça gümrük tölegleri tölenmeli ýa-da walýuta hümmeti tapawudy bolan ýagdaýynda has amatlydyr.

Ozal ýük daşaýjylar uzyn nobatlarda durup, kassada töleg geçirýärdiler. Täze hyzmaty ulanmak üçin "РСК 24" atly ykjam programmany ýükläp almaly, onda "Gümrük tölegleri" bölümi elýeterli bolar. Eýýäm ýük daşaýjylaryň 200-den gowragy täze "sanly kassadan" peýdalanyp, elektron tehnologiýanyň artykmaçlyklaryna ýokary baha berdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

09:05 Awgust 12, 2026
Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

20:30 Awgust 11, 2026
Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

18:23 Awgust 11, 2026