Daşkent we Baku transhazar ýük daşamalary üçin bilelikdäki logistika kompaniýasyny döreder


Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Aliýew sişenbe güni geçirilen gepleşiklerde Transhazar geçelgesiniň çäklerinde bilelikdäki logistika kompaniýasyny döretmek, şeýle hem Baku portlarynda we üçünji ýurtlarda ammar infrastrukturasyny we logistika merkezlerini gurmak boýunça çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iki ýurduň ýolbaşçylary ulag we üstaşyr ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi strategiki taýdan möhüm diýip atlandyrdylar. Geçen ýyl özbek ýükleriniň Baku portundan daşalan mukdarynyň takmynan, iki esse ýokarlanandygy bellenildi. Özbegistan Azerbaýjanyň häzirki zaman ulag ulgamyny ulanmak arkaly geljekde-de ýük daşamalary artdyrmagy meýilleşdirýär – diýip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň saýtynda habar berilýär.
Mirziýoýewiň Azerbaýjana döwlet saparynyň öňüsyrasynda, 21-nji awgustda Bakuda degişli ministrlikleriň we pudak edaralaeynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem iki ýurduň öňdebaryjy kompaniýalarynyň 250-den gowrak wekiliniň gatnaşmagynda işewürlik forumy geçirildi.
Forumyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 2022-nji ýylda 6 esse, üstümizdäki ýylyň başyndan bäri bolsa ýene 40% ýokarlanandygy mälim edildi. Döwlet baştutanlary tarapyndan bu görkezijini ýakyn ýyllarda 1 milliard dollara ýetirmek wezipesi goýuldy.
Metal önümleriniň, derman serişdeleriniň, öý-hojalyk enjamlarynyň we gurluşyk materiallarynyň bilelikdäki önümçiligini, hususan-da Özbek-Azerbaýjan maýa goýum kompaniýasynyň goldawy bilen guramak boýunça anyk teklipler öňe sürüldi.
Forumyň netijesi boýunça söwda şertnamalarynyň we maýa goýum ylalaşyklarynyň saldamly bukjasyna gol çekildi. Duşuşykda gol çekilen esasy resminamalaryň biri “Özbeknebitgaz” bilen SOCAR-yň arasynda baglaşylan şertnamadyr. Azerbaýjan nebit-gaz kompaniýasy Özbegistanyň çägindäki taslamalara gatnaşmaga isleg bildirýär.
ORIENT news








