"Hujanddan" üstün çykan "Merw" AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynda


Türkmenistanyň "Merw" topary Aziýanyň möhüm klub ýaryşlarynyň biri – AFK kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna çykmaga hukuk berýäb duşuşykda täjigistanly "Hujandy" üstünlikli ýeňmegi başardy.
Hujandda "Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy" stadionynda geçirilen ýaryş türkmen klubynyň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy.
Duşuşygyň 53-nji minudynda hüjümçi Myrat Ýagşyýew «Merwi» hasapda öňe çykardy. Esasy wagtyň tamamlanmagyna 11 minut galanda «Hujandyň» goragçysy hasaby deňledi.
Ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, oýnuň esasy wagty deňme-deň tamamlansa, hersi 15 minuda deň bolan goşmaça iki taým berilýär.
Ine, şol ýarym sagatlyk goşmaça wagt hem «Merwe» ýeňiş getirdi. Duşuşygyň 21 ýaşly Myrat Öwezmyradow 114-nji minutda tapawutlanyp, «Merwiň» ýeňiş goluny geçirdi. Edil bir minutdan soň bolsa eminiň jürlewüginiň sesi ýaňlandy.
Toparçalaýyn tapgyrda «Merw» AFK-nyň kubogynyň Merkezi sebitinde ýurdumyzyň «Altyn asyr», Täjigistanyň «Rawşan» we Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş-Ata» toparlary bilen ýaryşar.
ORIENT news








