HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary ýoldaşlyk oýunda Hytaýyň toparyny ýeňdi

Awgust 30, 2023 | 11:45 |7751
Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndy topary (23 ýaşa çenli) Hytaýyň ýygyndy topary bilen bolan ýoldaşlyk duşuşygynda ynamly ýeňiş gazanmagy başardy.Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndy topary (23 ýaşa çenli) Hytaýyň ýygyndy topary bilen bolan ýoldaşlyk duşuşygynda ynamly ýeňiş gazanmagy başardy.
Çeşme: tff.com

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndy topary (23 ýaşa çenli) Hytaýyň ýygyndy topary bilen bolan ýoldaşlyk duşuşygynda ynamly ýeňiş gazanmagy başardy.

Hytaýyň Dalýan türgenleşik stadionynda geçirilen oýun 2:0 hasabynda tamamlandy. Duşuşygyň hasabyny 51-nji minutda “Arkadag” futbol toparynyň oýunçysy Meýlis Durdyýew açdy. 20 minutdan soň "Altyn Asyryň" oýunçysy Nurmyrat Roziýew türkmen toparynyň artykmaçlygyny iki esse artdyrdy.

Hytaýda geçirilýän türgenleşik wagtynda ýaşlar futbol toparymyz ýene bir ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegi meýilleşdirýär.

Şeeýle-de Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy futbol toparynyň Aziýa kubogynyň - 2024-nji ýyldaky saýlama oýunlaryna taýýarlyk görýändigini ýatladýarys. 27-nji awgustdan 4-nji sentýabr aralygynda Hytaýyň Dalýan şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanşygy geçirilýär.

Ahmet Agamyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysyna Türkmenistanyň çempionatynyň dürli klublaryna wekilçilik edýän 23 oýunçy gatnaşdy.

6-12-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň ýaşlar topary Indoneziýada merkezleşdirilen görnüşde geçiriljek Aziýa kubogynyň - 2024-nji ýylyň saýlama tapgyryna gatnaşar. Türkmenistan, Indoneziýa we Hytaý Taýpeýi bilen bilelikde K toparynda duşuşar.

Toparyň ýeňijisi, şeýle hem iň güýçli dört topar geljek ýyl Katarda geçiriljek 2024-nji ýyldaky Aziýa kubogynyň finalyna çykar.

Jemleýji ýaryşyň geçiriljek ýeri hökmünde Katar Aziýa kubogyna göni ýollanma aldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026