HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Üýtgeşik hekaýalary we taslamalary döretmek üçin köp platformaly sanly beýan etme

Awgust 25, 2023 | 21:42 |10933
Maglumat akymy, fon sesleri we adamlar bilen dolan we aşa ýüklenen dünýäde sesiňiziň eşidilmegi üçin näme etmeli? Ünsiň azalýan döwürde, töweregindäkileri gyzyklandyrýän we sizi pikirlenmäge hem-de öz durmuşyňyzy üýtgetmäge ruhlandyryp biljek hekaýany nädip gürrüň bermeli? Bu mowzuklar, dürli hünärmelerden, şol sanda milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, ýaş erkin žurnalistler we sosýal ulgamlarda pikirleriniň liderlerinden düzülen topar tarapyndan Aşgabatda ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň gurnan köp platformaly sanly beýan etme boýunça üç günlük seminarda ara alnyp maslahatlaşyldy.Maglumat akymy, fon sesleri we adamlar bilen dolan we aşa ýüklenen dünýäde sesiňiziň eşidilmegi üçin näme etmeli? Ünsiň azalýan döwürde, töweregindäkileri gyzyklandyrýän we sizi pikirlenmäge hem-de öz durmuşyňyzy üýtgetmäge ruhlandyryp biljek hekaýany nädip gürrüň bermeli? Bu mowzuklar, dürli hünärmelerden, şol sanda milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, ýaş erkin žurnalistler we sosýal ulgamlarda pikirleriniň liderlerinden düzülen topar tarapyndan Aşgabatda ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň gurnan köp platformaly sanly beýan etme boýunça üç günlük seminarda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çeşme: ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky edarasy tarapyndan berildi

Maglumat akymy, fon sesleri we adamlar bilen dolan we aşa ýüklenen dünýäde sesiňiziň eşidilmegi üçin näme etmeli? Ünsiň azalýan döwürde, töweregindäkileri gyzyklandyrýän we sizi pikirlenmäge hem-de öz durmuşyňyzy üýtgetmäge ruhlandyryp biljek hekaýany nädip gürrüň bermeli? Bu mowzuklar, dürli hünärmelerden, şol sanda milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, ýaş erkin žurnalistler we sosýal ulgamlarda pikirleriniň liderlerinden düzülen topar tarapyndan Aşgabatda ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň gurnan köp platformaly sanly beýan etme boýunça üç günlük seminarda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mediýa önümçiligi, bütin dünýäde - Afrikada, Ýewropada, Amerikada tälim bermek we halypaçylyk boýunça meşhur Akim Mogaji ýygnananlar bilen öz tejribesini we bilimlerini paýlaşdy. Türkmenistanda hem ol täze däl. Ony bu ýerde döreden innowasion media-kontentiniň saýasynda tanaýarlar.

1.JPG

Maslahatyň birinji gününde gatnaşyjylar resmi däl we rahat ýagdaýda sanly beýan etmegiň aýratynlyklaryny öwrendiler. Degişmeler, duýgylar we dogrulyk arkaly adamlarda hakykatdanam seslenme döredip biljek hekaýanyň gözlegi bilen meşgul boldylar. Döredijilik bäsleşiginde hünärmenler köp platformaly beýan etmek we jemgyýete täsir etmek üçin esas goýdular.

Indiki tapgyrda, gatnaşyjylar okuwçylardan döredijilere öwrüldiler. Forum meýdançasy, zehinleriň dürliliginden we platformalar bilen işlemegiň tejribesinden iýmitlenen hyzmatdaşlygyň energiýasynyň jeminden «gaýnaýardy». Bu ýere ýygnananlar üç topara bölündi - olara sanly hekaýa we mazmun taslamasy döretmek ýumuşy berildi. Dürli ugurlardaky – Saglygy goraýyş ministrliginiň wekilleriniň, Telewideniýe boýunça Döwlet komitetiniň agzalarynyň, sanly ýazyjylaryň, göçürijileriň, suratkeşleriň, sosial media pikir liderleriniň, suratçylaryň, web dizaýnerleriniň akyllaryň we başarnyklaryň birleşmesi, dürli nukdaýnazarly, garaýyşly we pikirli, ýöne umumy höwes, hyjuw we maksada okgunlyk bilen birleşýän döredijilik toparlaryny döretdiler.

2.JPG

Gatnaşanlara sanly tomaşaçyda seslenme tapýan köp platformaly kontent döretmek üçin 24 sagat berildi. Olar ýatdan çykmajak täsir galdyrýan hekaýa «ýazmak» üçin pikirlerini, sözlerini we görüşlerini birleşdirdiler.

«Bu gün sanly görkezişleriň sesler bilen utgaşyp, duýguly wakany aýdyp biljekdiginiň ajaýyp mysallaryny gördük. Men diňe bilim däl, ylham hem tapdym. Biz beýan etmegiň düýp manysyna göz ýetirenimizde, her çyzgynyň we her sözüň dünýä döretmäge güýjüniň bardygyna düşündim»,-diýip Aşgabatly suratkeş, taslama gatnaşyjy Şirin Begmyradowa gürrüň berdi.

Iň soňky gün, toparlar öz sanly önümini - dürli platformalarda we jemgyýetlerde yz galdyrmaga taýýar, ekranlaryň daşyna çykýan hekaýalary görkezdiler. Bir topar özboluşly dizaýn düşünjesini we sungat görnüşini, beýlekisi hekaýa görnüşini birnäçe platforma - çap, wideo, poçta we radio arkaly ulanmak üçin ajaýyp ukybyny görkezdi. Üçünji düzüm, hususy sektorda başlangyç üçin dalaşgärlige laýyk gelýän ajaýyp çemeleşmäni hödürledi.

Her tanyşdyryş özboluşly we täsirli boldy. Her bir eser, pikselleşdirilen suratlar ýa-da liriki hekaýalygyna garamazdan, gatnaşyjylaryň täze öwrenen başarnyklaryna we ylhamyna şaýatlyk edýärdi. Döredijilik bilen taýýarlanan bu sanly önümler ilatyň ýüregine we aňyna aralaşmaga taýýar.

4.JPG

«Meniň suratlarymyň eýýäm hekaýa gürrüň berende uly täsir edip biljek sanly önüm bolmagy geň zat. Biz 24 sagadyň dowamynda ýerli ýaşaýjylary az täze eşik geýip, wintaž eşikleri ulanmaga ýa-da has durnukly gelejek üçin eneleriniň eşiklerini täzeden dizaýn etmäge höweslendirmek üçin ekologiki moda pikiri döretdik. Biz taslamamyzy hödürledik we toparymyz iň oňat telekeçilik pikiri hökmünde bellendi», - diýip Lebap welaýatyndan erkin suratçy Bahar Begniýazowa aýtdy.

ÝUNISEF tarapyndan geçirilen bu başlangyç, bu ýere ýygnanan hünärmenlere täze başarnyklar berdi we özgerişlere gapyny açýan açaryň eýeleri bolan hekaýaçylar jemgyýetini «ösdürip ýetişdirdi».

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026