HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklary Hytaýda guraljak sergide görkeziler

Awgust 31, 2023 | 21:05 |7842
6-7-snji sentýabrda Hytaýyň Gansu sebitiniň Dunhuan şäherinde "Ýüpek ýoly" halkara medeni sergisi geçiriler. Onda Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklary hem görkeziler.6-7-snji sentýabrda Hytaýyň Gansu sebitiniň Dunhuan şäherinde "Ýüpek ýoly" halkara medeni sergisi geçiriler. Onda Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklary hem görkeziler.
Çeşme: Döwlet muzeýi

6-7-snji sentýabrda Hytaýyň Gansu sebitiniň Dunhuan şäherinde "Ýüpek ýoly" halkara medeni sergisi geçiriler. Onda Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklary hem görkeziler.

Hytaýda guraljak medeni sergide ýurdumyzyň iki muzeýiniň - Döwlet muzeýiniň we Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gymmatlyklary görkeziler. Bu muzýleriň gymmatlyklary Nýu-Ýork şäherindäki "Metropoliten" muzeýinde, Germaniýada we beýleki ýewropa ýurtlarynda guralan sergilerde hem görkezilipdi.

Hytaýda guraljak sergä gitjek wekiliýete Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew ýolbaşçylyk eder. Serginiň hormatly myhmanlary hökmünde türkmen wekiliýeti medeni, şekillendiriş we medeni-syýahatçylyk önümleriniň sergisine gatnaşarlar.

Sergini guraýjylaryň mälim etmegine görä, oňa Hytaýdan we daşary ýurtlardan 1200 töweregi wekiliň gelmegine garaşylýar. Onuň çäklerinde maslahatlar, tanyşdyryş dabaralary, dürli görkezişler we ýarmarkalar guralar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026