HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Diego Ruiz Alonso ÝB-niň ilçisi hökmünde Türkmenistanda diplomatik missiýasyny tamamlaýar

Awgust 29, 2023 | 20:49 |6674
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow sişenbe güni ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen duşuşdy.Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow sişenbe güni ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen duşuşdy.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow sişenbe güni ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen duşuşdy.

Daşary işler ministri Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge goşan goşandy üçin ilçä minnetdarlyk bildirdi. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky täsirli özara hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn derejede-de, "Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi" görnüşinde-de ösdürilendigi nygtaldy.

Şu nukdaýnazardan, diplomatlar hyzmatdaşlygyň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar, degişli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşdylar, diýip Daşary işler ministrliginiň web sahypasynda habar berilýär.

Raşid Meredow we Diego Ruiz Alonso adam hukuklary, parlamentara gatnaşyklar we "Ýewropa Bileleşigi - Türkmenistan" bilelikdäki komitetiniň gepleşikleriniň çäginde yzygiderli bilelikdäki çäreleriň möhümdigini bellediler.

Mundan başga-da, Erazmus + ýaly bilelikdäki bilim we alyş-çalyş taslamalarynyň we maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi, ekologiýa we ýaşyl öwrülişik pudagyndaky özara gatnaşyklar barada pikir alyşdylar. Şeble-de dürli sebitleýin maksatnamalary durmuşa geçirmek nukdaýnazaryndan netijeli hyzmatdaşlyk bellendi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Tähranda Hazar deňziniň ekologiýasy we «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek baştutanlaryň duşuşygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Tähranda Hazar deňziniň ekologiýasy we «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek baştutanlaryň duşuşygy ara alnyp maslahatlaşyldy

19:00 Awgust 12, 2026
Duşenbede Türkmenistanyň durmuşyndaky möhüm wakalar we ýurduň halkara başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Duşenbede Türkmenistanyň durmuşyndaky möhüm wakalar we ýurduň halkara başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy

18:54 Awgust 12, 2026
PIXEL COMPUTERS STORE: Kompýuter tehnikasynyň giň görnüşi we ygtybarly kepillik

PIXEL COMPUTERS STORE: Kompýuter tehnikasynyň giň görnüşi we ygtybarly kepillik

18:48 Awgust 12, 2026