HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý 30-njy awgustdan başlap ýurda giriş üçin “Covid-19” barlaglaryny talap etmegi bes eder

Awgust 29, 2023 | 13:00 |6097
30-njy awgustdan Hytaý syýahatçylardan COVID-19 barlag netijesini talap etmegi aradan aýyrýar. Bu barada Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Wan Wenbing duşenbe güni “China Daily”-de habar berdi.30-njy awgustdan Hytaý syýahatçylardan COVID-19 barlag netijesini talap etmegi aradan aýyrýar. Bu barada Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Wan Wenbing duşenbe güni “China Daily”-de habar berdi.
Çeşme: iStock

30-njy awgustdan Hytaý syýahatçylardan COVID-19 barlag netijesini talap etmegi aradan aýyrýar. Bu barada Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Wan Wenbing duşenbe güni “China Daily”-de habar berdi.

Ol indi Hytaýa girmek üçin nuklein kislotasy ýa-da antigen barlaglaryna zerurlyk bolmaz diýdi. Şeýle hem, Hytaýyň pandemiýa garşy göreşmek we halkara syýahatçylyk howpsuzlygyny we durnuklulygyny saklamak üçin beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirýändigini aýtdy.

Bu täzelik, Hytaýyň “COVID-19” bilen baglanyşykly üç ýyllyk çäklendirmelerinden soň şu ýylyň ýanwar aýynda başlap serhetleriň kem-kemden açylmagynyň bir bölegidir. Soňra hytaý häkimiýetleri ýurda gelýänler üçin hökmany karantini ýatyrdylar, ýöne negatiw koronawirus barlagyny bermek talaplaryny saklapdylar.

Şeýle hem ýanwar aýyndan bäri Hytaý daşary ýurtlular üçin adaty wizalary we wagtlaýyn ýaşamak üçin rugsatnamalary bermäge başlady we ýerli ýaşaýjylar üçin ýene daşary ýurt üçin niýetlenen pasporty we syýahat wizasyny berip başladylar.

Mart aýynda Hytaý 2020-nji ýyldan bäri togtadylan daşary ýurt raýatlaryna syýahat wizasyny bermäge başlady.

2020-nji ýyldan bäri Hytaý “COVID-19” üçin "çydamlylyk" syýasatyny alyp barýar, bu wirus ýokaşan adamlar bilen gatnaşyk saklanlar üçin hökmany karantin ýaly çäreleri ulanmagy aňladýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026