HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystan: Gysga setirde goňşynyň habarlary

Awgust 30, 2023 | 00:41 |7750
«Gazagystan daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň nazarynda». Netijesi Astanada jemlenen halkara bäsleşik şeýle atlandyrylýardy. Ol eýýäm sekizinji gezek geçirilýär. Şu ýyl 70-den gowrak arza bilen 40 ýurtdan žurnalistler ýüz tutdy. Emin agzalary iň oňat ýedi işi saýladylar. Ýeňijiler Amerikadan, Ýewropadan, Aziýadan, Afrikadan boldy. Olar Gazagystanyň ajaýyp ýerlerine baryp görmäge we gözel ýerleri bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.«Gazagystan daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň nazarynda». Netijesi Astanada jemlenen halkara bäsleşik şeýle atlandyrylýardy. Ol eýýäm sekizinji gezek geçirilýär. Şu ýyl 70-den gowrak arza bilen 40 ýurtdan žurnalistler ýüz tutdy. Emin agzalary iň oňat ýedi işi saýladylar. Ýeňijiler Amerikadan, Ýewropadan, Aziýadan, Afrikadan boldy. Olar Gazagystanyň ajaýyp ýerlerine baryp görmäge we gözel ýerleri bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
Çeşme: kazpravda.kz

«Gazagystan daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň nazarynda». Netijesi Astanada jemlenen halkara bäsleşik şeýle atlandyrylýardy. Ol eýýäm sekizinji gezek geçirilýär. Şu ýyl 70-den gowrak arza bilen 40 ýurtdan žurnalistler ýüz tutdy. Emin agzalary iň oňat ýedi işi saýladylar. Ýeňijiler Amerikadan, Ýewropadan, Aziýadan, Afrikadan boldy. Olar Gazagystanyň ajaýyp ýerlerine baryp görmäge we gözel ýerleri bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Öň daşary ýurtly žurnalistleriň materiallarynda üns esasan syýasata we ykdysadyýete gönükdirilýän bolsa, indi daşary ýurt metbugatyny Gazagystanyň taryhy we ýurduň syýahatçylyk mümkinçiligi gyzyklandyrýar.

Gazagystana baryp görmek üçin bäş sebäp. Hünärmenler Gazagystanda dynç almagyň: erkin iş bilen meşgullanýanlary; gymmat bolmadyk öwrediji gezelençleri halaýan jahankeşdeleri; birmeňzeş klassiki dynç alyşdan ýadan syýahatçylar; dynç alyşy işewürlik bilen birleşdirýän işewür syýahatçylary, şeýle hem söwda syýahatçylaryny özüne çekjekdigine ynanýarlar.

Gazagystan myhmanlary lyžada typmak, işjeň, zyýarat we plýaž syýahatçylygy bilen begendirer. Şeýlelikde her kim özüne gyzykly dynç alyşyň görnüşini tapar.

Ýene bir iri awiakompaniýa Gazagystana uçar gatnawyny ýola goýýar. 2023-nji ýylyň 7-nji sentýabryndan Hytaýyň Loong Airlines awiakompaniýasy Hançžou-Almaty ugry boýunça iki ýurduň arasynda yzygiderli ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrar. Uçuşlar A320 we A321 uçarlarynda hepdede üç gezek: sişenbe, penşenbe we şenbe günlerinde ýerine ýetiriler.

Çalt ösýän senagat kuwwaty. Gazagystan çylşyrymly energetika taslamalary üçin 8 milliard dollardan gowrak şertnamalara gol çekdi. Olaryň arasynda uglewodorod öndürmek üçin üç şertnama we uglewodorod gözlemek üçin nusga şertnamasy bar. Bu taslamalaryň müňlerçe işçini özüne çekmegine we möhüm kadalaşdyryjy we salgyt aýratynlyklaryny üpjün etmegine garaşylýar.

Ýeke-täk energiýa halkasy bilen birleşýär. Gazagystanyň Energetika ministri Almasadam Satkaliýew rus gazynyň Merkezi Aziýa zerur möçberini üpjün etmek üçin gaz geçirijisini abatlaýandyklaryny aýtdy.

Şeýle hem ol, «biziň hemmämiz ýeke-täk energiýa halkasy bilen birleşýäriys. Biziň özara ätiýaçlyklarymyz we elektrik energiýa üpjünçüligimiz bar» diýip, belledi. Üstesine-de, Gazagystan rus gazyny öz çäginden daşamakdan girdeji alar.

Gazagystan we Täjigistan oba hojalygy önümleri bilen üpjün etmek üçin bilelikdäki kärhana döredýärler. Iki ýurduň demirýol edaralary oba hojalyk harytlarynyň daşalmagyny ýokarlandyrmak üçin bilelikdäki işi durmuşa geçirmegi meýilleşdirýärler. Taslama azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge, ähli eksport edýän oba hojalyk öndürijileri üçin ammar we söwda platformasyny üpjün eder we umuman söwda we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşmaça itergi berer.

Gazagystan bilen Täjigistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2022-nji ýylda 1,4 milliard dollara deň boldy. Demir ýol arkaly ýük daşamagyň mukdarynyň yzygiderli ýokarlanandygy bellenilýär.

Gazagystan Hytaýa demir ýoly arkaly galla daşamagy artdyrdy. Gazagystandan Hytaý Halk Respublikasyna 2022-nji ýylyň sentýabr aýyndan şu ýylyň iýun aýyna çenli galla daşamak 2021-2022-nji ýyllardaky görkeziji bilen deňeşdirilende 4 esse - 1,1 million tonna çenli artdy.

Galla önümleriniň umumy mukdarynyň 78 göterimi (bu 844,000 tonna) konteýnerlerde iberildi. Üwelen önümleri HHR-na ýüklemek 3 esse - 344,000 tonna çenli artdy we olar konteýnerlerde daşalýardy.

Ýurt Hytaýa çig mal bolmadyk eksportyny takmynan 1 milliard dollara çenli artdyrmaga taýýar. Harytlaryň sanawyny 135-e ýetirmek meýilleşdirilýär. Geçen ýyl iki ýurduň arasyndaky haryt dolanşygy üçden bire artdy.

Hytaý Gazagystanyň ykdysadyýetine maýa goýujylaryň arasynda ilkinji bäşlige girýär. Soňky 17 ýylda umumy maýa goýum akymy 23 milliard dollardan geçdi.

Çaklama barada näme aýdyp bolar? Gazagystanyň 2024-2028-nji ýyllar üçin sosial-ykdysady ösüşi baradaky çaklamalara görä, bir barrele ortaça 80 dollar bahasy bilen jemi içerki önümiň ösüşi 5,8 göterim bolar.

Nominal jemi içerki önüm 2024-nji ýylda 135 trillion teňňeden 2028-nji ýylda 218,5 trillion teňňä çenli öser. Umuman, ykdysadyýetiň ähli esasy pudaklarynda ösüşe garaşylýar. Eksportyň göwrümi 2024-nji ýylda 83,1 milliard dollara çenli artyp, 2028-nji ýylda 94,8 milliard dollara çenli artdyrylyp bilner. Import 60,7-den 65,6 milliard dollara çenli öser.

Ýaşlary iş bilen üpjün etmek boýunça çäreleri işjeňleşdirmek. Gazagystan, döwlet Baştutanynyň 2022-nji ýylda halka iberen habaryny durmuşa geçirmegiň çäginde ýaşlaryň işe ýerleşmegine aýratyn üns berýär. Ýylyň başyndan bäri eýýäm 303,3 müňden gowrak ýaşlar iş bilen üpjüne edildi. Ýurduň prezidentiniň «10 müň ýaşaýja 100 iş orny» başlangyjynyň çäginde 142,9 müň adam işe ýerleşdi.

Ýaşlaryň telekeçilik isleglerini goldamak üçin döwlet 5 ýyla çenli ýeňillikli 2,5 göterim bilen mikrokarzlar berýär. 2023-2025-nji ýyllarda jemi 90,5 milliard teňňelik 18,2 müň mikrokarz bermek meýilleşdirilýär.

Ýadro synaglarynyň pidalaryna kömek etmek üçin. Gazagystan häzirki wagtda ýadro synaglarynyň pidalaryna goldaw bermek üçin Halkara Ynam Gaznasyny döretmek boýunça işjeň işleýär. Respublika, ýadro ýaraglaryny gadagan etmek baradaky şertnamanyň beýleki 67 tarapy bilen bilelikde gaznany işe girizmekçi.

Gaznanyň maksady – ýadro synaglarynyň pidalaryna kömek etmek we daşky gurşawy dikeltmek üçin taslamalary maliýeleşdirmek. Astana Gazagystanyň ýadro ýaraglaryny gadagan etmek baradaky şertnamanyň üçünji konferensiýasyna başlyklyk etmegi üçin 2025-nji ýyla çenli gaznany açmagy meýilleşdirýär.

Gazagystan Respublikasynyň iň sport sebiti yglan edildi. Gazagystany sport ýurdy diýip atlandyrmak kyn diýip, ranking.kz habar berýär. Medeniýet we sport ministrliginiň habaryna görä, diňe 38,5% (we bu 7,6 million adam) bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanýar.

Sebitleýin nukdaýnazardan Şymkent iň sportçy hasap edilip bilner, bu ýerde ýaşaýjylaryň 42,1% -i ylgaýar, fitnes merkezlerine gatnaýarlat, der dökýärler. Ilatyň diňe 32,1% -i yzygiderli bedenterbiýe bilen meşgullanýan Ulytaý sebiti uly aralyk bilen sporta gatnaşyjy boldy.

Öňümizdäki alty ýylda degişli bölüm Gazagystanyň «sportçylygynyň» umumy görkezijisini 50 göterime ýetirmekçi. Sport işgärleri her ýyl sporta gatnaşmagyň derejesiniň azyndan 2% ösjekdigini meýilleşdirýärler. Bu çaklamanyň amala aşmagy üçin ýurtda, şol sanda býudjetiň hasabyna ýylda azyndan 800 sport kluby we bölüm açylmaly.

Zenanlaryň arasynda boks boýunça dünýä çempionaty-2024 Gazagystanda geçiriler. Medal gazananlar baýrak gaznasyny alarlar, umumy gaznasy 4,8 million dollar bolar, şolardan 200,000 dollar altyn medal gazananlara, 100,000 dollar ikinji orna, bürünç medal gazananlaryň her biri 50 000 dollar alar.

Gündogar şahyrlary üçin ylham çeşmesi bolan owadan keşplerine zeper ýetirmezlik üçin eýýäm güýçli jyns wekillerine birek-biregi birneme ýuwaşrak urmagyny arzuw etmek galýar.

Gazagystanyň metbugatynyň materiallaryna esaslanyp -

Bekdurdy AMANSARYÝEW

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026