Günorta Koreýadaky awiakompaniýalar ýolagçylaryň agramyny çekip başlady


Günorta Koreýada 28-nji awgustdan başlap uçara münmezden ozal ýolagçylaryň agramyny çekip başladylar. The Street gazetiniň habaryna görä, ýerli ulag hälimýetleriniň buýrugy ýurtdaky ähli howa gatnawçylaryna degişlidir.
Göge galýan her bir uçara agram çäkleri boýunça örän berk we çeýe düzgünler ulanylýandygy sebäpli, maksat uçara giren her bir adamyň agramyny has gowy hasaplamakdyr.
Ýolagçylaryň agramynyň hökmany çekilmegi, awiakompaniýalara ýangyç tygşytlamaga we uçuş howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän gämide agramy deň paýlamaga kömek etmelidir.
«Korean Air ýolagçylaryň ortaça agramyny olaryň el goşlary bilen birlikde uçuş howpsuzlygy üçin ölçär», - diýip Günorta Koreýanyň esasy awiakompaniýasy Korean Air öz saýtynda yglan etdi we ýolagçylary artykmaç agram üçin goşmaça töleg tölemejekdiklerine ynandyryp, maglumatlaryň şahsy bolman, diňe umumy statistiki maglumatlary düzmäge hyzmat etjekdigini düşündirdi.
Ýolagçylardan her uçuşa çykyşda el goşlary bilen terezä durmagy haýyş ediler. Şeýle hem awiakompaniýa, agram çekmek işiniň häzirlikçe diňe meýletin bolup, islemeseler ret edip boljakdygyny belläp geçdi.
Şol bir wagtyň özünde, Korean Air-yň resmi wekilleriniň habar bermegine görä, şeýle maglumatlar uçar kabinalarynda ýüküň başarnykly paýlanmagy we ýangyjy sarp etmegiň azalmagy sebäpli her ýylda bir milliard dollara çenli tygşytlamaga kömek eder.
ORIENT news








