GDA ýurtlarynyň ýaryşynda türkmenabatly ýaş küştçi kümüş medala mynasyp boldy


13 ýaşly Mähri Agamyradowa russiýaly garşydaşyndan asgyn gelip, GDA-nyň resmi däl çempionatyna deňelýän Moskwada geçirilen abraýly we düzümi boýunça güýçli ýaryşda ikinji ýeri eýeledi.
23-nji awgustdan 28-nji awgust aralygynda 14 ýaşa çenli (2009-njy ýylda doglan we ondan kiçi) oglanlaryň we gyzlaryň arasynda “M.M.Botwinnigiň hatyrasyna AKF kubogy» açyk halkara küşt ýaryşy geçirildi.Oňa GDA-nyň dokuz ýurdundan, şol sanda Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan, hersinden bir türgen gatnaşdy.

Gyzlar kategoriýasyndaky altyn medalyň ykbaly 8-nji tapgyrda iki lideriň – Mähri Agamyradowanyň (FIDE reýtingi - 1583) we dünýä we Ýewropa çempionatlarynyň birnäçe gezek ýeňijisi, zenanlaryň arasynda reýtingi 2238 FIDE ussady russiýaly Anna Şuhman bilen geçiren ýüzbe-ýüz duşuşygynda kesgitlenildi.
Bu oýnuň öňýanynda Anna Şuhman mümkin bolan 6-dan 5,5 utuk, Mähri bolsa mümkin bolan 7-den 5,5 utuk toplap, Annadan soň ikinji ýerde durdy. Ýöne bu duşuşykda gazanyljak ýeňiş Mährä altyn medaly üpjün edýärdi. Iki aý mundan ozal Gruziýanyň Batumi şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda Mähriniň Annany blits görnüşinde ýeňendigine garamazdan, bu gezek küşdüň nusgawy görnüşinde ýeňiş 14 ýaşly russiýaly tejribeli küştçiniň tarapynda boldy.
Ýöne küştçüleriň derejesi boýunça şeýle güýçli ýaryşda mümkin bolan 8-den 5,5 utuk toplap, ikinji orna mynasyp bolmak hem Türkmenabatdaky 13-nji sport mekdebiniň okuwçysy üçin diýseň uly üstünlik. Soňraky setirlerde Gazagystandan Malika Žapparbekowa, Özbegistandan Nilýufarhon Ymamkuziýewa we Azerbaýjandan Hanim Ysmaýylowa degişlilikde 5 utuk bilen üçünji, dördünji we bäşinji setirlerde ornaşdylar.

2023-nji ýyl ýurdumyz üçin zehinli küştçi Mähri Agamyradowany açdy. Ýaşlykda zenanlaryň ýokary ligasyna çykan Mähri fewral aýynda 14 ýaşa çenli we 13 ýaşa çenli kategoriýalarda Türkmenistanyň çempiony diýen ada eýe boldy. Iýul aýynda bolsa Daşkentde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda Mähri 13 ýaşa çenli derejede nusgawy küşt we blits boýunça iki kümüş medala mynasyp boldy.
Mähriniň tälimçisi Reimowa Oguljan, ýogsa-da, ol Moskwada geçirilen ýaryşda-da şägirdine ýoldaş bolup, onuň üstünlik gazanmagyna oňyn täsir eden bolmagy gümansyz. Küşt federasiýasy Mähriňki ýaly yhlas bilen, mundan beýläkki okuw-türgenleşik işleriniň usuly taýdan dürs ýola goýulmagy we yzygiderli halkara ýaryş tejribesini toplamak bilen Mährä uly küşt geljegi garaşýar.
ORIENT news








