HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistana gelýän syýahatçylaryň sany boýunça Türkmenistan birinji onlukda

Awgust 28, 2023 | 20:17 |6162
Ýylyň başyndan bäri Özbegistana 3,7 million daşary ýurtly syýahatçy geldi. Olar dünýäniň dürli künjegiden gelýär. Özbegistanyň statistika gullugy raýatlary syýahatçylyk maksady bilen Özbegistanyň şäherlerine baryp gören döwletleriň sanawyny düzdi.Ýylyň başyndan bäri Özbegistana 3,7 million daşary ýurtly syýahatçy geldi. Olar dünýäniň dürli künjegiden gelýär. Özbegistanyň statistika gullugy raýatlary syýahatçylyk maksady bilen Özbegistanyň şäherlerine baryp gören döwletleriň sanawyny düzdi.
Çeşme: upl.24

Ýylyň başyndan bäri Özbegistana 3,7 million daşary ýurtly syýahatçy geldi. Olar dünýäniň dürli künjegiden gelýär. Özbegistanyň statistika gullugy raýatlary syýahatçylyk maksady bilen Özbegistanyň şäherlerine baryp gören döwletleriň sanawyny düzdi.

Türkmenistanlylar bu sanawda altynjy orunda, ýagny şu ýylyň ýanwar-iýul aýlary aralygynda goňşy döwlete 39,6 müň adam baryp gördi. Täjigistanly syýahatçylar - 1,151,4 adama deň bolup, olar birinji ýeri eýeledi. Sanawda iň soňky orna düşenler – Germaniýadan gelen syýahatçylar, olaryň sany - 14,1 müň adamdan ybarat.

Şeýle hem, ilkinji bäşlige Gyrgyzystandan (912,8 müň adam), Gazagystandan (879,0 müň), Russiýadan (417,4 müň) we Türkiýeden (58,0 müň) gelen syýahatçylar girdi.

Mundan başga-da, Hindistandan, Günorta Koreýadan we Hytaýdan gelen syýahatçylar Özbegistana baryp, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän şäherlerde - Samarkandda, Buharada, Hywada we ýurduň beýleki künjeklerinde ýerleşýän binagärlik ýadygärliklerine, gözel we taryhy ýerlere syn etdiler.

Soňky ýyllarda Özbegistan hökümeti syýahatçylyk pudagyny işjeň ösdürýär we daşary ýurtly syýahatçylary özüne çekmek üçin dürli maksatnamalary we arzanladyşlary hödürleýär. Bu ýönekeýleşdirilen wiza proseduralaryny, syýahatçylyk zolaklaryny döretmegi we medeni çäreleri geçirmegi öz içine alýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistan Lissabonda geçirilen «Bitewi saglyk» Bütindünýä kongresinde milli tejribesini hödürledi

Türkmenistan Lissabonda geçirilen «Bitewi saglyk» Bütindünýä kongresinde milli tejribesini hödürledi

06:20 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanly we Özbegistanly alymlar biodürlüligiň bitewi maglumatlar binýadyny döredýärler

Türkmenistanly we Özbegistanly alymlar biodürlüligiň bitewi maglumatlar binýadyny döredýärler

06:05 Sentýabr 07, 2026