Aşgabatda köpçülikleýin we ýokary derejeli sporty ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy


Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda köpçülikleýin, ýokary derejeli sporty, sport bilimini we talyp ýaşlaryň arasynda sport hereketini ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahata institutyň professor-mugallymlary, türgenler we tälimçiler hem-de halkara ýaryşlaryň ýeňijileri gatnaşdylar. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, iri halkara ýaryşlarda çykyş edip, gowy netijeleri gazanýan talyp ýaşlaryň sporty köpçülikleýin ösdürmekde nusga alarlyk görelde bolýandygyny bellediler.
Bellenişi ýaly, ýurdumyzda ýaşlaryň arasyndaky dürli sport bäsleşikleri uly meşhurlyga eýe bolýar. Bu bäsleşikler geljegine uly ynam bildirilýän ýaş türgenleri ýüze çykarmaga ýardam edýär.
Maslahatda şeýle hem, dürli ýaryşlary yzygiderli esada geçirmäge mümkinçilik berýän ýurdumyzyň sebitlerindäki sport desgalaryna, ýurt, sebit we dünýä derejesinde geçirilýän ýaryşlara türgenleri taýýarlamak meselelerine ünsi çekdiler.
ORIENT news








