HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bişkekde gümrük edaralarynda gender syýasatynyň amala aşyrylyşy boýunça Türkmenistanyň tejribesi görkezildi.

Awgust 29, 2023 | 14:24 |10172
Gyrgyzystan Republikasynyň paýtagty Bişkekde Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň hem-de Bütindünýä gümrük guramasynyň guramagynda gümrük gulluklaryň we port gözegçilik toparlaryň agzalary üçin gender deňligi meselesini işjeňleşdirmek boýunça sebitleýin okuw çäresi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berýär.Gyrgyzystan Republikasynyň paýtagty Bişkekde Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň hem-de Bütindünýä gümrük guramasynyň guramagynda gümrük gulluklaryň we port gözegçilik toparlaryň agzalary üçin gender deňligi meselesini işjeňleşdirmek boýunça sebitleýin okuw çäresi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berýär.
Çeşme: customs.gov.tm

Gyrgyzystan Republikasynyň paýtagty Bişkekde Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň hem-de Bütindünýä gümrük guramasynyň guramagynda gümrük gulluklaryň we port gözegçilik toparlaryň agzalary üçin gender deňligi meselesini işjeňleşdirmek boýunça sebitleýin okuw çäresi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berýär.

Sebitleýin okuwy Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň hem-de Bütindünýä gümrük guramasynyň halkara bilermenleri alyp bardylar. Çärä Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Pakistanyň gümrük we beýleki edaralarynyň wekilleri, şol sanda zenan gullukçylar gatnaşdylar.

Okuwyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri gümrük edaralarynda gender syýasatynyň amala aşyrylyşy boýunça Türkmenistanyň tejribesi bilen paýlaşdylar we bu boýunça şekilli wideo tomaşa etdiler.

Wekiliýetiň agzasynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda eýýäm ençeme ýyllar bäri gümrük edaralarynyň hatarynda zenan işgärler gulluk edip gelýär. Olar erkek gullukçylar bilen bir hatarda bikanun söwdanyň öňüni almak, gümrük tölegleriniň doly we dürs ýerine ýetirilmegi, gümrük statistikasyny ýöretmek boýunça wezipe borçlaryny üstünlikli berjaý edýärler, şeýle hem gümrük edaralaryna ornaşdyrylan ösen gümrük tehnologiýalaryny özleşdirýärler.

Gümrük gullugynyň zenan gullukçylarynyň hatarynda milli we halkara derejeli sport ýaryşlarynyň ýeňijileri hem bar. Görkezilen şekilli wideorolige ýokary baha berildi. Türkmenistanyň gümrük edaralarynda gulluk edýän zenan gullukçylaryň üstünlikleri halkara bilermenler we gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026