Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý sebitine Türkmenistandan ynsanperwer kömegi bilen ýörite uçar barar


25-nji awgust anna güni Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý sebitine Türkmenistandan ynsanperwer kömegi bilen ýörite uçar barar. 40 tonna ýük suw joşmasyndan ejir çeken ülkäniň ýaşaýjylary üçin niýetlenendir. Munuň öňüsyrasynda Wladiwostokda birinji wise-gubernator - sebit hökümetiniň başlygy Wera Şerbina bilen Türkmenistanyň Russiýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Batyr Nýazlyýewiň duşuşygy geçirildi.
Birinji wise-gubernator Türkmenistanyň sebitiň ýaşaýjylarynyň betbagtlygyna biperwaý garamazlygynyň, dessine kömek goluny uzatmagynyň we çaga eşikleri, aýakgaplary, düşek we iýmit ýaly zerur ynsanperwer kömegini ugratmagynyň Primorýe üçin uly ähmiýete eýedigini belledi – diýip, primorsky.ru habar berýär.
“Siz gowy niýet bilen geldiňiz. Sebitimiz agyr günleri başdan geçirýär. Bu ýyl bize köp sanly taýfun geldi. Ilatly nokatlar ejir çekdi. Gubernator betbagtçylyk zolagynda işleri guramak bilen meşgullanýar. Bu heläkçilik-halas ediş we heläkçilik-dikeldiş işleri. Biz Türkmenistanyň ugradan ynsanperwer kömegine garaşýarys we elbetde munuň üçin köp sag boluň. Bu häzirki wagtda biz üçin örän derwaýys. 1-nji sentýabr üçin taýýarlyk işleri dowam edýär, köp maşgala uly zyýan çekip, hemme emlägini ýitirdi. Biz ülkäniň býujet serişdeleriniň hasabyna elimizden gelenini edýäris. Kömek federal býudjetden hem gelýär. Biziň betbagtlygymyza biperwaý seretmeýän adamlaryň köpüsi ynsanperwer kömegini ýygnaýar. Meniň pikirimçe, hemmämiz bilelikde bu meseläni çözüp bileris. Gubernator Oleg Nikolaýewiç Kožemýako hem uzakdaky Uzak Gündogar sebitiniň betbagtlygyny siziň şeýle ýakyn kabul edendigiňiz üçin size minnetdarlyk sözlerini aýtdy” – diýip, Wera Şerbina nygtady.
Batyr Niýazlyýewiň belleýşi ýaly, Primorýäniň ýaşaýjylary üçin gumanitar ýükleriň iberilmegi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem Milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda gurnaldy.
Bu ynsanperwerlik çäresi - türkmen halkynyň ynsanperwerlik adatlaryna we däp-dessurlaryna esaslanýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň alamaty. Ilçi Nýazlyýew Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň hoşniýetli goňşusy we strategiki hyzmatdaşydygyny aýratyn belledi.
15-nji awgustdan bäri Primorskiý sebitinde sebitleýin häsiýetli adatdan daşary ýagdaý düzgüni güýje girizildi. Suw joşmasy güýçli taýfun we awgustyň birinji ýarymynda uzaga çeken ýagyş sebäpli ýüze çykdy. Sebitiň şäherlerinde we etraplarynda sil heläkçiliginden ejir çekenler üçin gumanitar kömek nokatlary açylýar.
ORIENT news








