HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

200 awtoulag pagta ýygym möwsümine taýýarlanyldy

Awgust 29, 2023 | 12:36 |4489
“Maryawtoulag” önümçilik birleşiginde ýük göterijiligi ýokary bolan 200 töweregi kuwwatly awtoulag pagta ýygym möwsüminde hasyly daşamak işinde ulanmak üçin taýýar edildi.“Maryawtoulag” önümçilik birleşiginde ýük göterijiligi ýokary bolan 200 töweregi kuwwatly awtoulag pagta ýygym möwsüminde hasyly daşamak işinde ulanmak üçin taýýar edildi.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

“Maryawtoulag” önümçilik birleşiginde ýük göterijiligi ýokary bolan 200 töweregi kuwwatly awtoulag pagta ýygym möwsüminde hasyly daşamak işinde ulanmak üçin taýýar edildi. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Häzirki wagtda şol awtoulaglara erk etjek sürüjiler we pagta ýygymyna gatnaşjak beýleki hünärmenler bilen ýangyn hem-de tehniki howpsuzlyk okuw sapaklary geçirilýär. Kärhanada halk hojalyk ýüklerini daşamakda, ýolagçy gatnatmakda iş meýilnamalary artygy bilen ýerine ýetirilýär.

Önümçilik birleşigi boýunça şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda meýilnama boýunça 1 million 283 müň tonna ýük daşalmaly bolsa, iş ýüzünde 1 million 385 müň tonna daşalyp, tabşyryk 108 göterim berjaý edildi. Ýükleriň dolanyşygy boýunça tabşyryk meýilnamadan has artyk – 29 million 441 müň tonna kilometrlik ýerine ýetirildi.

Degişli döwürde önümçilik birleşigi boýunça 12 million 563 müň ýolagçy gatnatmak meýilleşdirilen bolsa, bu görkeziji 12 million 814 müň ýolagça ýetirilip, meýilnama 102 göterim berjaý edildi.

Degişli döwürde hyzmatlardan alnan girdeji 32 million 802 müň manada barabar boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmen dizaýnerleri Parižde geçirilen halkara moda sergisinde öz önümlerini hödürlediler

Türkmen dizaýnerleri Parižde geçirilen halkara moda sergisinde öz önümlerini hödürlediler

03:25 Sentýabr 12, 2026
Türkmenistanyň teatrlary Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna täze sahna oýunlaryny hödürlärler

Türkmenistanyň teatrlary Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna täze sahna oýunlaryny hödürlärler

00:20 Sentýabr 12, 2026
Teatr bäsleşigi üstünlikli geçirildi

Teatr bäsleşigi üstünlikli geçirildi

15:00 Sentýabr 11, 2026