Türkmen dzýudoçysy Horwatiýada geçirilen ýaşlar dünýä çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy


Türkmenistanyň Milli ýygyndy toparynyň dzýudoçysy Dilara Kandymowa 23-27-nji awgust aralygynda Zagrebde (Horwatiýa) geçirilýän Ýaşlar dünýä çempionatynda bürünç medala eýe boldy.Türgen 40 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medal aldy. Deslapky tapgyrda Kandymowa azerbaýjanly Nigär Mämişowany ýeňmegi başardy.
Ýaryşyň soňky tapgyrynda türkmen dzýudoçysy slowakiýaly Patrisiýa Tomankowadan bilen ýeňildi we "köşeşdiriji" söweşleriň tapgyryna düşdi.
Olarda Kandymowa tunisli Narjes Haddežiden we fransuz Matilde Aurelden has güýçlüdigini subut etdi, şeýlelik bilen çempionatyň bürünç medalyna mynasyp boldy.
40 kilograma çenli agram derejesinde çempionatyň altyn baýragy slowakiýaly dzýudoçy Patrisiýa Tomankowa berildi. Ikinji orunda Gazagystanyň wekili Sabina Ýuldaşbekowa bar. Üçünji orny awstriýaly Nina Auer eýeledi. Dilara Kandymowanyň awgust aýynyň başynda Belarusda geçirilen GDA ýurtlarynyň 2-nji oýunlarynda bürünç medal alandygyny we bu gün bolsa ýaşlar dünýä çempionatynyň münberine çykandygyny bellemelidiris.
Ýaşlar dünýä çempionatynda Türkmenistanyň milli ýygyndysyna 16 türgen wekilçilik edýär. Ýaryşlara jemi 64 ýurtdan alty ýüz töweregi türgen gatnaşýar.
ORIENT news








