Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ÝUNESKO kluby dörediler


Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda "Ahalteke atlary - parahatçylygyň ilçileri" ady bilen ÝUNESKO klubynyň döredilmegi şenbe güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibinde esasy orun aldy.
Duşuşykda şeýle klubyň döredilmeginiň, «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamamyzyň biziň ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ugrunda amala aşyrýan işleriniň logiki dowamy boljakdygy bellenildi.
Şeýle hem mejlisde, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetine goşulmagy bilen baglanyşykly geljekki meýilnamalar barada hasabat diňlenildi we «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda» kesgitlenen ugurlaryň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýeti bilen işjeň hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyrylmaly işler barada aýdyldy.
Duşuşyga Ministrler Kabinetiniň agzalary, birnäçe ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary gatnaşdylar.
ORIENT news








