Türkmenistandan we Ýüpek ýolunyň ýurtlaryndan blogerler Pekiniň gazananlary barada gürrüň bererler


Pekinde «Hytaýy döwrebaplaşdyrmagyň ýolunda Pekiniň on ýyly» maksatnamasyna bagyşlanan «Pekin daşary ýurtly blogerleriň garaýşynda» döredijilik çäresini başlady. «Lýanmakhe» paýtagt seýilgähinde bu moda hünäriň Ýüpek ýolunyň ýurtlaryndan we beýleki daşary ýurtlardan gelen wekilleri ýygnandylar, diýip «Uly Aziýa» habar berýär.
Bäş gün dowam etjek marafona Awstriýa, Zimbabwe, Kamboja, Gazagystan, Rumyniýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystany, Serbiýa, Taýland we Türkmenistandan 10 bloger gatnaşdy.
Bu çäre Pekinde «Bir guşak – bir ýol» başlangyjynyň 10 ýyllygy mynasybetli geçirilýär. Gatnaşanlaryň belleýşi ýaly, bu sapar ýurdy ösüşinde görmäge we içerki hem-de global kynçylyklara başarnykly jogap bermek kararyny duýmaga mümkinçilik berer.
Aksiýanyň çäginde daşary ýurtly blogerler Pekindäki ajaýyp ýerlere we kärhanalara baryp görerler hem-de öz tomaşaçylaryna gören zatlary barada gürrüň bererler.
ORIENT news








