Ýaraşykly, açyk we ajaýyp: dünýäniň iň gowy kitaphanasy Barselonada ýerleşýär


Barselonada ýerleşýän Gabriel Garsiýa Markes adyndaky jemgyýetçilik kitaphanasy (Вiblioteca García Márquez) 2023-nji ýylda dünýäniň iň gowy kitaphanasy diýlip yglan edildi. Bäsleşik Halkara kitaphanalar birleşikleri we guramalary federasiýasy (IFLA) tarapyndan geçirildi. Şu ýylky bäsleşigiň finalynda Sloweniýadan, Awstraliýadan we Hytaýdan kitaphanalar bäsdeşdi diýip, Ispaniýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýazýar.
Barselona kitaphanasy Sant-Marti etrabynda, La Wernedadaky täsirli binagärlik we innowasiýa dizaýny bilen tapawutlanýan awangard binada ýerleşýär. Onda 4000 inedördül metr meýdanda 6 gat bar. Ol ýere günde ortaça 1000 töweregi myhman gelýär we köplenç konferensiýalar, kitap klublary we dünýäniň dürli künjeginden gelen ýazyjylar bilen duşuşyklar geçirilýär.
Gabriel Garsiýa Markes kitaphanasy Ispaniýada şeýle halkara derejesinde ykrar edilen ilkinji kitapdyr. Ol ýakynda, 2022-nji ýylyň maý aýynda açyldy we derrew hemmäni begendirdi hem-de haýran galdyrdy. Myhmanlaryň synlarynyň hemmesinde diýen ýaly – bu ýer rahat, açyk we ajaýyp seslenmeler geldi. Açylyş ýylynda ol, binagärlik pudagynda Barselonanyň şäher baýragyna mynasyp boldy hem-de binagärlik we içerki dizaýn boýunça FAD baýragynyň finalçysy boldy. Onuň netijeleri 2023-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda yglan ediler.
ORIENT news








